MAŞGALA - JEMGYÝETIŇ GYMMATLYGY

26.09.2026

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň: «Watana, il-güne bolan beýik söýgi maşgala terbiýesinden başlanýar, maşgala döwletimiziň we jemgyýetimiziň ilkinji düzümidir» diýen parasatly jümlesi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kämil we sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde baş şygara öwrülýär.

Maşgala - jemgyýetiň esasy gymmatlygy. Adamyň durmuşda öz ornuny tapmagynda maşgalanyň täsiri uludyr. Adamyň berk maşgala gurup, agzybirlikde ýaşamagy durmuşyň çuň manysydyr.

Nika baglaşmagyň kanuny tertibi barada durup geçilse, Türkmenistanda maşgala gatnaşyklarynyň hukuk taýdan düzgünleşdirilmegi döwlet tarapyndan amala aşyrylýar. Türkmenistanda diňe Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň (RÝNÝ) edarasy tarapyndan bellige alnan nika ykrar edilýär. Nikanyň baglaşylmagynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy RÝNÝ edarasy tarapyndan geçirilýär. Nika ýaşy 18 ýaş diýlip bellenilýär. Aýratyn halatlarda, esasly sebäpler bolan ýagdaýynda, hossarlyk we howandarlyk edaralary tarapyndan nika baglaşmak isleýän adamlaryň haýyşy boýunça nika ýaşy bir ýyldan köp bolmadyk wagta peseldilip bilner.

Şeýlelikde, nikanyň resmileşdirilen gününden maşgala gatnaşyklary kemala gelip başlaýar. Maşgalanyň baş wezipesi bolsa jemgyýet üçin mynasyp çagalary terbiýeläp ýetişdirmek hem-de olaryň jemgyýetçilik bähbitli haýyr işlere işjeň gatnaşmaklaryny gazanmakdyr.

Türkmen halky hemişe özüniň halalalyk, ululary sylamak, kiçä hormat goýmak, geçirimlilik, birek-birege ynanyşmak ýaly ajaýyp häsiýetleri bilen tanalypdyr. Gorkut atanyň türkmeniň «Gyz eneden görelde almasa, öwüt almaz, ogul atadan görelde almasa, saçak ýazmaz», «Ata-enäniň diýenini etmeýän, oňa hormat goýmaýan ogluň doganyndan, dogmadygy ýeg» diýen parasatly sözleri türkmen maşgalasynda terbiýeçilik mekdebine öwrüldi.

Geljekki nesliň terbiýeli we sowatly bolmagy köp derejede olaryň ata-enesine baglydyr. Sebäbi çaga dünýä inenden soň, onuň ilkinji terbiýeçisi, maslahatçysy ata-enesi bolýar. Biz çagalara, ilkinji nobatda, «ata», «ene» diýmegi öwredýäris. «Ata», «ene», «Watan» diýen sözleri çaganyň ilkinji gezek aýtmagy onuň ata-enesine, Watanyna sarpa goýmagynyň başlangyjydyr. Ata-babalarymyz: «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýipdirler. Maşgala çagany ahlak we hukuk kadalarynyň talaplarynyň berk berjaý edilmegi esasynda terbiýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly kitabynda: «Adam ýaşy näçe bolanda-da, özüniň ýaşlygynda alan terbiýesi, görüm-göreldesi, edep-ekramy esasynda özüni kämilleşdirýär. Ýaşlykda, hususan-da, çagalyk ýyllarynda maňza guýlan edep-zandyňda ornaşýar. Soň durmuşda ol saňa hemişe uly işlere hyjuw berýär. “Şu meseläni kakam nähili edip çözerdi-kä?” diýip oýlanýan halatlaryň hem bolýar» diýip bellenilýär.

Halkymyzda erkek adamlar maşgala başy hasaplanýar. Maşgala başy hojalygynyň abatlygyny saklajak bolsa, ilkinji nobatda, geçirimli bolmalydyr. Maşgala agzalary bilen her bir meselede düşünişmäge hem-de ylalaşykly ýaşamaga çalyşmaly, bilmeýän zatlaryny öwretmäge ymtylmaly.

Görşümiz ýaly, çagasynyň geljekde Watanyna wepaly, il-gününe mynasyp şahsyýet bolup ýetişmeginde ata-enäniň täsiri diýseň güýçlüdir. Röwşen geljegimiziň dowamaty bolan ýaşlaryň ahlak taýdan kämil, ruhy taýdan sagdyn, berk bedenli, aň-düşünjeli, zähmetsöýer, watansöýüji bolup ýetişmekleri üçin mynasyp goşant goşmak hemmämiziň borjumyzdyr.

Jennet Arazowa, Arkadag şäheriniň prokuraturasynyň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň we ýaşlaryň hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.