AK ALTYNDAN KERWENLER: ZÄHMET ÝEŇIŞLERINE ELTÝÄN ÝOLLARDA

30.09.2026

Döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen, 9-njy sentýabrda ýurdumyzyň ähli sebitleriniň ekerançylary pagta ýygymyna başladylar. Bu waka Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba senagat toplumynda alnyp barylýan yhlasly işleriň we gazanylýan üstünlikleriň dabaralandyrdy.

Halkymyzyň asylly däbine eýerip, hormatly ýaşulular Beýik Biribardan Watanymyzyň abadançylygyny, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze zähmet ýeňişlerine tarap öňe barýan halkymyzyň rowaçlygyny dileg edip, «bismilla» bilen pagta ýygymyna badalga berdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly nesihatlary we umumadamzat ähmiýetli taglymatlary siňen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ýurdumyzyň oba senagat toplumyny ösdürmek möhüm ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenildi.

Şunda milli ykdysadyýetimizde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilikleri döretmäge we önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmaga gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýan pagtaçylygyň oba senagat toplumynyň möhüm pudagydygyny bellemek gerek.

Alym Arkadagymyzyň umumadamzat ähmiýetli parasatly taglymatlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň daýhanlary üçin döredip berýän şertleri pagtaçylyk pudagynda zähmet çekýän önüm öndürijileri ruhy we ykdysady taýdan höweslendirýär. Döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň, pagtanyň we şalynyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy ene toprakdan rysgal tapýan daýhanlarymyzy täze üstünliklere ruhlandyrdy.

Şunda Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary esasynda kabul edilen we häzirki wagtda ýurdumyzda hereket edýän «Pagtaçylyk hakynda», «Seleksiýanyň gazananlaryny hukuk taýdan goramak hakynda», «Daýhan hojalygy hakynda», «Ýerleriň meliorasiýasy hakynda», «Tohumçylyk hakynda», «Daýhan birleşikleri hakynda», «Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda» we «Döwlet ýer kadastry hakynda» Türkmenistanyň kanunlary oba hojalyk ulgamyny anyk ugurlar boýunça hemmetaraplaýyn ösdürmegiň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny üpjün edýär.

Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň birinji kitabynda milli medeniýetimizde gowaçanyň aýratyn ornuny wasp edýän rowaýatda aýdylyşy ýaly, dünýäde iň owadan gül — milli aýratynlyklarymyza laýyk gelýän gowaçanyň gülüdür. Çünki onuň gülleýşi iň owadan güllere kybap gelýär. Iň esasy zat bolsa, adam dünýä inende, gowaça-da onuň bilen bile peýda bolýar.

Ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek ugrunda ägirt işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize ähli daýhanlaryň adyndan egsilmez alkyşlarymyzy aýdýarys.

Iň täze tehnologiýalary we ylmy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak bilen, ata-babalarymyzyň ýerden rejeli peýdalanmak baradaky köpasyrlyk tejribesini has-da baýlaşdyryp, azyk howpsuzlygynyň ygtybarly binýadyny pugtalandyryp gelýän Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt we umumadamzat ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Rüstem Daňatarow, Ruhubelent etrabynyň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.