ÝURDUMYZYŇ HUKUK NAMALARYNYŇ BEÝANY

01.09.2021

Häzirki döwürde her bir döwletiň ähli ugurlaryndaky ösüşiniň kanunalaýyklygynyň, jemgyýetçilik islegleriniň kanunçylyk namalarynda öz wagtynda we netijeli hasaba alynmagynyň ze­rur şer­ti — hu­kuk na­ma­la­ry­nyň he­mi­şe kä­mil­leş­di­ril­me­gi­dir. Jem­gy­ýe­tiň we döw­le­tiň bäh­bitleri üçin kabul edilýän kadalar hukuk taýdan düzgünleşdirilmelidir, ilat üçin ýeterlik derejede aý­dyň bol­ma­ly­dyr. Ka­nun çy­kar­mak işi hu­kuk taý­dan äh­li­ta­rap­la­ýyn düz­gün­leş­di­ril­me­gi ta­lap edýän jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň öwrenilmeginden, hereket edýän kanunlaryň seljerilmeginden, konstitusion hukuk binýadynyň hem-de döwletiň we adamlaryň berjaý etmäge borçly bolan düz­gün­le­ri­niň göz öňün­de tu­tul­ma­gyn­dan baş­lan­ma­ly­dyr. Is­len­dik hu­kuk na­ma­syn­da dur­muş­da bo­lup bi­läý­jek äh­li ýag­daý­la­ry göz öňün­de tut­mak as­la müm­kin däl. Şo­nuň üçin hem bü­tin ka­nun­çy­lyk ul­ga­my he­mi­şe tä­ze­le­nip we kä­mil­leş­di­ri­lip du­rul­ma­gyn­da mä­täç­lik çek­ýär. Ka­nun çykaryjylyk işiniň kämilleşdirilmegi kabul edilýän namalaryň hiliniň ýokarlanmagyna, raýatlaryň hu­kuk­la­ry­nyň we azat­lyk­la­ry­nyň ke­pil­lik­le­ri­niň güýç­len­di­ril­me­gi­ne, döw­le­tiň we jem­gy­ýe­tiň bäh­bit­le­ri­niň de­ňag­ram­ly­ly­gy­nyň has oňyn bol­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Hukuk namalarynyň kabul edilmegine, üýtgedilmegine, goşmaçalar girizilmegine ýa-da ýatyrylmagyna ýurtda amala aşyrylýan häkimiýet dolandyrylyşynyň görnüşi, ykdysadyýetiň we söwda gatnaşyklarynyň ösmegi, maglumatlar bileleşigi, elektron hökümetiň hem-de jemgyýetiň durmuşykdysady islegleriniň ýüze çykmagy, şahsyýetiň bähbitleriniň hasaba alynmagynyň ýagdaýy, jemgyýetiň hukuk düşünjeliliginiň we medeniýetiniň derejesi, ilatyň syýasy işjeňligi, halkara hukuk gatnaşyklarynyň täsiriniň güýçlenmegi ýaly şertler öz täsirini ýetirýär. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz hemişe ýurdumyzda hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmek işine aýratyn üns berýär. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda, ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan düýpli ösüşler geljegi nazarlaýan konstitusion özgertmeleriň esasyny düzýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen badalga berlen özgertmeleriň netijesinde döwletimiziň konstitusion hukuk binýady barha berkeýär. Ýurdumyzyň kanun çykaryjylyk ulgamynda iki palataly parlamentiň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň döredilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygynyň döwlet tarapyndan kepillendirilmegini, jemgyýetiň ähli ugurlarynda demokratiýanyň, halk häkimiýetliliginiň ösdürilmegini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolan konstitusion özgertmeler döwletimiziň ösüşinde esasy orny eýeleýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 3-nji maddasynda: «Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr. Türkmenistanyň halky öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar» diýlip bellenilýär. Hormatly Prezidentimiz 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda döwletimiziň ýokary wekilçilikli edarasynyň hukuk ýagdaýyny kämilleşdirmek boýunça zerur işleriň geçirilmelidiginiň möhümdigini nygtap, iki palataly ulgama geçmegi, Halk Maslahatyny we Türkmenistanyň Mejlisini wekilçilikli kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini amala aşyrýan edaralar ulgamyna goşmak boýunça degişli teklipleri işläp taýýarlamak barada beren tabşyryklary esasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalary girizmek boýunça Konstitusion topar döredildi.

Esasy Kanunymyzyň 77-nji maddasynda: «Milli Geňeş (Parlament) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr» diýlip bellenilýär. Bu bolsa Milli Geňeşiň kanun çykaryjylyk we wekilçilik ygtyýarlyklarynyň ykrar edilmegini aňladýar. Milli parlamentiň esasy aýratynlygy Milli Geňeşiň iki palatasy hem deňhukukly bolup, olar şol bir wagtda wekilçiligi we kanun çykaryjylyk işini amala aşyrýarlar. Şeýle hem milli Liderimiziň başlangyjy bilen döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna degişli wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin palatalaryň bilelikdäki maslahatynyň hem geçirilip bilinýänligidir. Muňa mysal hökmünde şu ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň bilelikdäki birinji mejlisiniň geçirilendigini görkezmek bolar. Onda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine saýlanylmagy bolsa eziz Watanymyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap öňe gitmegine itergi berdi.

Häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda hereket edýän kanunlary we hukuk namalary kämilleşdirmek işi 2017-nji ýylyň 26-njy awgustynda kabul edilen «Hukuk namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny esasynda amala aşyrylýar. Bu Kanun hukuk namalaryny işläp taýýarlamagyň, hödürlemegiň, ara alyp maslahatlaşmagyň, kabul etmegiň, bellige almagyň, herekete girizmegiň, üýtgetmegiň we hukuk namalarynyň hereketini bes etmegiň we togtatmagyň, şeýle hem olary çap etmegiň tertibini kesgitleýär. Kanunda ulanylýan hukugyň analogiýasy, hukuk kadasy, hukuk monotoringi, hukuk namasy, indiwidual ulanylýan hukuk namasy, kadalaşdyryjy däl hukuk namasy, kadalaşdyryjy hukuk namasynyň iýerarhiýasy, kadalaşdyryjy hukuk namasy, kadalaşdyryjy hukuk namasyna resmi düşündiriş namasy, kanunçylyk, kanunçylyk namasy ýaly birnäçe hukuk adalgalaryna düşündiriş berilýär. Bu bolsa her bir adamyň kanunlara düşünip, hukuklaryny we borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmekleri üçin zerur bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň «Watan goragy mukaddesdir» atly kitabynda: «Ýurdumyzyň Esasy Kanuny hukuk ulgamynyň binýady, milli kanunçylygyň çeşmesi bolmak bilen, kanunlaryň hökmürowanlygynyň, raýatlarymyzyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmeginiň kepili bolup durýar we döwletimizi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga, onuň syýasy esaslaryny pugtalandyrmaga, jemgyýetiň demokratik ýol bilen ösmegini has-da çaltlandyrmaga hyzmat edýär» diýlip bellenilýär. Milli Liderimiziň başlangyçlary esasynda dünýä tejribesine, häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda hem-de milli aýratynlyklar göz öňünde tutulyp kabul edilýän kanunlar raýatlaryň esasy hukuklaryny, azatlyklaryny, borçlaryny, olary goramagyň we üpjün etmegiň usullaryny, kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýeti edaralaryny döretmegiň we olaryň işiniň tertibini, Türkmenistanyň raýatlyk gatnaşyklaryny, döwlet howpsuzlygyny we goranmak bilen bagly meseleleri, eýeçilik gatnaşyklaryny, ykdysadyýeti, medeni-durmuş gurluşy dolandyrmagy guramak işini, býujetmaliýe ulgamy, nyrh emele getirme we salgyt salma işlerini, jenaýat, administratiw we raýat kanunçylygynyň meselelerini, kazyýet önümçiligini, jemgyýetçilik birleşiklerini döretmegiň we olaryň işiniň meselelerini, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hukuk ýagdaýyny, daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge we kadalaşdyrmaga gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy ösdürmegiň strategiýasy, milli maksatnamalar esasynda kabul edilýän hukuk namalaryň hemmeler tarapyndan doly we dogry berjaý edilmegine gözegçilik işini amala aşyrmak prokuratura edaralarynyň üstüne düşýär. Biz hem prokuratura edaralarynyň işgärleri bolup kanun esasynda kesgitlenen borçlarymyzy talabalaýyk ýerine ýetirip, ak ýürekden zähmet çekip, hormatly Prezidentimize, mähriban halkymyza hyzmat etjekdigimize tüýs ýürekden ynandyrýarys. Goý, Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, başy dik bolsun, umumadamzat bähbitli alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Ogul­he­sel BER­DI­ÝE­WA, Türk­me­nis­ta­nyň Baş pro­ku­ra­tu­ra­sy­nyň umumy bölüminiň iş ýörediş bölümçesiniň mü­di­ri, 1-nji de­re­je­li ýu­rist