ADALATLY ÇÖZGÜT

26.10.2026

Ir döwürlerde halal zähmetinden bereket tapan bir çopan bar eken. Ol kyrk ýyllap bir baýyň goýunlaryny bakypdyr. Çopan ýaşynyň soňunda uzak ýyllaryň dowamynda çeken zähmetiniň netijesinde ýygnan dowarlaryny bakyp, öý-işik aladasynda bolmak maksady bilen baýdan rugsat sorapdyr.

Baý halal hem tejribeli çopandan aýrylmagyna gynansa-da, alaçsyz oňa rugsat bermeli bolupdyr. Şondan soň çopan öz dowarlaryny bakmak bilen bolupdyr. Çopanyň dowarlary ýyl-ýyldan köpelip, öňki baýyň dowarlaryndan hem artyp barýarmyş.

Töwerekdäki guýularyň ählisine eýeçilik edýän öňki baý baryp ýatan husyt, görübilmez eken. Şol sebäpli-de, ol çopana öz guýularyndan dowarlaryny suwa ýakmagy gadagan edipdir we ähli sürüsiniň ýarysyny guýularynyň birine çalyşmagy teklip edipdir. Çopan alaç tapman, dowarlarynyň ýarysyny berip, baýyň bir guýusyny almaga razy bolupdyr. Baý bolsa çopanyň sadalygyndan peýdalanyp, mekirlige ýüz urupdyr. Ol üç sany şaýadyň gatnaşmagynda çopan bilen söwdalaşyp, özüniň bir guýusyny çopanyň dowarlarynyň ýarysyna çalyşýandygyny aýdypdyr. Çopan hem goýunlarynyň ýarysyny baýyň bir guýusy bilen çalyşýandygyny aýdypdyr. Şeýdip, baý özüniň sürüsiniň köpelendigine, çopanyň dowarlarynyň bolsa azalandygyna we ony aldawa salandygyna begenipdir.

Şol wakadan soň çopan dowarlaryny suwa ýakmak üçin öňki guýynyň başyna baranda, baý oňa ýene-de suw bermändir. Çopan haýran galmak bilen baýa guýyny dowarlarynyň ýarysyna çalşandygyny ýatladypdyr. Baý bolsa özüniň içindäki suwy däl-de, diňe guýyny dowarlaryň ýarysyna çalşandygyny aýdypdyr. Galan dowarlaryny-da beren ýagdaýynda, suwy hem berjekdigini aýdypdyr. Beýle zada garaşmadyk çopan alaçsyz galypdyr. Dowarlaryny suwa ýakmasa, olar heläk bolup barýarmyş. Dowarlaryny berip, guýynyň suwuny almagyň bolsa çopan üçin ähmiýeti bolmandyr. Dowarlar onuň maşgalasynyň girdeji çeşmesi eken.

Şol ýurduň bir adalatly hökümdary bar eken. Ol halkynyň aladasy bilen ýaşap, ejizlere hossar, mätäçlere howandar eken. Çopan başga alaç tapman, hökümdara ýüz tutupdyr.

        Hökümdar dessine baýy çagyrdypdyr. Baý hem özüniň üç sany şaýadyny alyp gelipdir. Şaýatlar baýyň gözleriniň alnynda guýusyny çopanyň dowarlarynyň ýarysyna çalyşýandygyny aýdandygyny, çopanyň hem muny tassyklandygyny, emma baýyň guýusyny suwy bilen bile dowarlara çalyşýandygyny aýtmandygyny aýdypdyrlar.

Wakany eşiden hökümdar pikire batypdyr. Şol ýere ýygnanan halaýyk baýyň hereketlerini adalatsyz hasaplapdyr. Ýöne wakadan çykalga tapmak welin, hiç kime başartmandyr. Hemmeler hökümdaryň netijesine garaşypdyr.

Hökümdar çopana: Dogrudan-da, sen baýdan diňe guýyny satyn alypsyň. Bu siziň alyş-çalşygyňyza gatnaşan üç sany şaýadyň sözleri bilen subut bolýar. Ýöne bu ýerde bir mesele çözülmän galypdyr, - diýipdir. Soňra baýa garap: Sen diňe guýyňy dowarlara çalşypsyň. Şeýlelikde, seniň suwuň çopanyň guýusynda saklanýandygy sebäpli, mundan beýläk çopana paç tölemeli bolarsyň. Ýogsa-da, çopanyň guýusyny boşatmaly bolarsyň, — diýipdir.

Baý utulanyny boýun alyp, paç tölemezlik üçin suwuny hem çopana berýändigini aýdypdyr. Şol ýere üýşen halaýyk bolsa hökümdaryň kesgir paýhasyna we adalatly çözgüdine haýran galypdyr. Adalatly hökümdaryň il içindäki abraýy has-da belende galypdyr.

Jennet Arazowa, Arkadag şäheriniň prokuraturasynyň kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.