BAGTYÝAR GELJEGIŇ SYNMAZ KUWWATY

30.10.2026

Gahryman Arkadagymyz «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda: «...sagdyn millet güýçli döwletiň, bagtyýar geljegiň we synmaz kuwwatyň berk binýadydyr» diýip belledi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde bolsa Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň hem-de Halkara pediatriýa merkeziniň binalarynyň açylmagy döwletimiz tarapyndan milletiň sagdynlygyna gönükdirilen anyk işleriň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir» diýlip beýan edilen kadalar ynsanyň düýpli hukuklaryny, şol sanda saglygyny goramagy döwletiň gözegçiliginde saklaýandygyny kepillendirýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli paýtagtymyzda ulanmaga berlen döwrebap lukmançylyk merkezleriniň açylyş dabaralary bilen Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň nobatdaky XVIII jildiniň giň okyjylar köpçüligine gowuşmagy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» atly taglymatynyň çuň ylmy esaslarynyň umumadamzat ähmiýetini dabaralandyrýar.

Ajaýyp ýylymyzyň 10-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat şäherinde Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň hem-de Halkara pediatriýa merkeziniň dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga berilmegi ynsan saglygy baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň ýene bir aýdyň subutnamasydyr.

Hünär baýramçylygynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ensiklopedik kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Kitap ýokary hilli suratlar bilen bezelip, ösümlikleriň ýapraklary, baldaklary, kökleri, miweleri we tohumlary jikme-jik görkezilendir.

Dabarada bellenilişi ýaly, «Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 - 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň» kabul edilmegi halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga giň ýol açdy. Açylan täze lukmançylyk merkezleri we neşir edilen ylmy eserler «Il saglygy - ýurt baýlygy» diýen belent şygaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dabaralanýandygynyň aýdyň güwäsidir. Ynsan saglygyny baş alada öwren Lukman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Perhatberdi Mededow, Boldumsaz etrabynyň prokurory, 1-nji derejeli ýurist