02.09.2021
Ýurt parahatçylygynyň, il abatlygynyň hatyrasyna uly işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen maksatnamalary, durmuş-ykdysady, medeni-bilim, jemgyýetçiliksyýasy özgertmeleri, halkara derejede öňe sürýän başlangyçlary netijesinde, bu gün eziz Diýarymyzyň, mähriban halkymyzyň abraýmertebesi, şan-şöhraty has-da ýokarlanýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny giňden toýlaýar. Ýurdumyz Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli ulgamlar boýunça ýokary sepgitlere ýetdi. Munuň özi geçmişde ata-babalarymyzyň ýüreklerinde arzuwlan we uzak garaşan döwlet Garaşsyzlygymyzyň netijesi, onuň türkmen halkyna beren peşgeşidir.
Garaşsyzlyk türkmeniň buýsançly bagtydyr. Ýurdumyz özbaşdaklyk ýoluna düşen ilkinji gününden başlap, halkymyzyň taryhy tejribesinde toplanan parahatçylyk söýüjilik, asudalyk, dostlukly gatnaşyklara eýerýän goňşuçylyk ýörelgelerinden ugur almak bilen, döwlet syýasatynyň binýadyny goýdy. Netijede, Garaşsyz Türkmenistan içeri we daşary syýasatyny özbaşdak alyp barmak bilen, halk hojalyk pudagyny düýpli özgertmäge hem-de dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge başlady. Watanymyz bu günki gün hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda dünýäniň halkara syýasy giňişliginde özüniň ornuny barha pugtalandyrýar. Türkmen halkynyň öňe sürýän başlangyçlary dünýä döwletleri tarapyndan biragyzdan goldanylýar. Döwletimiziň şeýle teklipleriniň birine eýerip, Birleşen Milletler Guramasy 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ähli ugurlar babatda uly ösüşleri gazanýar. Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty has-da berkeýär, durmuş pudaklarynda halkymyzyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, netijeli işler amala aşyrylýar, daşary syýasatda ýokary sepgitlere ýetilýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň ýurt başyna geçen ilkinji gününden başlap döwletimiziň syýasatda, ykdysadyýetde, ylym-bilim ulgamynda, saglygy goraýyşda, sport we medeniýet ulgamlarynda ýeten derejeleri hem aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň jemgyýetde mynasyp orny eýelemekleri, köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşmaklary we saýlap alan ugry boýunça kämilleşmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Döwrebap bilimlerden habarly ýaş hünärmenler ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň, ykdysady kuwwatynyň artmagynda möhüm wezipeleri ýerine ýetirýärler. Türkmen ýaşlary ýurduň syýasy durmuşyna hem işjeň gatnaşýarlar.
Halkymyzy belent sepgitlere ýetmäge ruhlandyran mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy bilen Gahryman Arkadagymyzy, ähli halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, halkymyzy baky bagta ýetiren hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç bolsun!
Nurjahan NAZAROWA, Büzmeýin etrap prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist