30.08.2021
Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan wezipe-borçlaryna ygrarly Türkmenistan dünýäde umumadamzat derejeli ynsanperwer başlangyçlaryň öňe sürülýän ýurdy hökmünde tanalýar. Bu hakykat hormatly Prezidentimiziň 20-nji awgustda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde hem tassyklandy. Sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň 14-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda öz işine başlajak nobatdaky 76-njy mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary baradaky hasabat halka ýetirildi.
Parasatly döwlet Baştutanymyzyň oňyn başlangyçlarynyň we teklipleriniň esasynda taýýarlanylan wajyp teklipleriň biri hem umumadamzat jemgyýetçiligindäki ählumumy howpa — täze görnüşli howply ýokanç kesele garşy göreşmekde hem-de onuň ýaýramagy bilen ýüze çykan durmuş-ykdysady täsirleri azaltmakda halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny berkitmekden ybaratdyr.
Dünýäde parahatçylygyň höküm sürmegini gazanmak ugrunda taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun.
Jemal KULIÝEWA, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň prokurorynyň kömekçisi 3-nji derejeli ýurist.