31.08.2021
Gahryman Arkadagymyz geljegimiz bolan ýaşlaryň maşgala terbiýesine uly üns berýär. Terbiýäniň düýp binýady, ilkinji nobatda, maşgalada goýulýar. Sebäbi çaga ilkinji terbiýäni maşgaladan alýar. Türkmen maşgalasy agzybirligiň ojagy, terbiýäniň öýi hasaplanylýar. Ata-enäniň yhlasy, söýgisi bilen bina bolan maşgala berk, abat bolýar.
Häzirki ylmy-tehniki mümkinçilikleriň ösýän eýýamynda öz ähmiýetini ýitirmän saklaýan zerur düşünjeleriň biri hem çaga terbiýesidir. Çagalar — biziň geljegimiz. Biz özümizi boýy ýeten daragt hökmünde göz öňüne getirsek, ýaş nesiller şol daragtyň miweleri bolup durýar. Onuň ajylygy ýa-da süýjüligi bolsa biziň olara berýän terbiýämize baglydyr. Hormatly
Prezidentimiz çagalaryň, ýaşlaryň aň-üşükli, zehinli we ukyply bolmaklary, zähmete yhlasly çemeleşmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döretdi. Şeýle mümkinçilikleriň bar ýerinde biz döwletimiz üçin ummasyz işleri bitirmäge borçludyrys.
Ata-babalarymyz çaga terbiýesi we onuň aýratynlyklary hakynda köp sanly eserleri, ylmy-çeper ýazgylary bize miras galdyrypdyrlar. Şolaryň biri hem Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» eseridir. Şahyryň bu eserinde ene-atanyň perzendiň öňündäki kyrk borjy beýan edilýär. Şolaryň ilkinjileriniň we iň wajyplarynyň biri hem çaga ýagşy edep-terbiýe bermekdir. Gahryman Arkadagymyzyň nesihatlaryny özünde jemleýän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby terbiýäniň aýratynlyklary, ähmiýeti hem-de milli usullary hakynda tapylgysyz hazynadyr. Edep-terbiýäniň, ýagşy gylyk-häsiýetleriň adamy neneňsi beýgeldýändigini biziň ählimiz bilýäris. Bu barada biz öz çagalarymyza häli-şindi öwüt-nesihat berýäris. Eýsem, ene-ata hormat goýmak, ulyny sylamak, özüňden kiçini söýmek ýaly asylly häsiýetleriň, gylyklaryň biziň aňymyza, ruhy dünýämize nireden siňýändigini bilýärsiňizmi?! Elbetde, ene-atamyzdan alan görüm-göreldämizden.
Jemgyýetdäki her bir adam çaga terbiýesine dahylly bolup durýar. Ene-atasy we mugallymy bu meselä gönüden-göni bagly bolsa, beýleki adamlar özlerini alyp barşy bilen, hereketleri, amallary, adamkärçilik gatnaşyklary bilen nusga bolýarlar. Çünki çaga diňe okan, öwrenen zadyndan däl-de, jemgyýetde gören-eşiden zatlaryndan hem täsirlenýär. Şonuň üçin jemgyýetdäki her bir adam özüniň hereketi bilen özgelere görelde bolýandygyny ýadyndan çykarmaly däldir.
Halkymyzda çagalary maşgala gymmatlyklary hem-de milli ýörelgeler esasynda terbiýelemek ene-atalaryň, jemgyýetiň esasy wezipesi bolup durýar. Şonuň üçin hem ata-babalarymyz «Çaga eziz, edebi ondan hem eziz» diýen pähimi döredipdirler. Halallyga, ynsanperwerlige gol berýän dana pederlerimiz öz perzentlerine doglan gününden başlap, gowy endikleri ündäp başlapdyrlar. Çaganyň gowy hereketlerini goldap, berekellasyny ýetirmek, ýaramaz endikleriniň netijesini düşündirip, dogry ýola gönükdirmek halkymyzyň terbiýe mekdebiniň esasy maksatlarynyň biridir. Maşgala terbiýesi ýaşlary taplaýar we kämillik ýoluna atarýar. Halkymyzyň ula hormat, kiçä sarpa goýmak baradaky maşgala edebi nesilden-nesle geçip, häzirki günlerde hem berk berjaý edilýär. Bu asylly ýörelgelere eýermekligi ýaş nesillerimize çagalykdan endik etdirilýär.
Milli Liderimiz ýaş nesillerimiziň akyl we beden taýdan sagdyn, ruhubelent, bilimli bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýär. Hormatly Prezidentimiziň beýik taglymatlaryndan gözbaş alýan asylly ýörelgeler halkymyzyň bagtyýarlygynyň, milletimiziň beýikliginiň ylham çeşmesidir. Nesil terbiýesine, maşgala gymmatlyklaryna aýratyn uly üns berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaç bolsun!
Jennet ARAZOWA, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň uly prokurory, 2-nji derejeli ýurist.