TÄZE OKUW ÝYLYNYŇ BOSAGASYNDA

14.09.2021

     Ata watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň  beýik başlangyçlaryndan gözbaş alýan bilim ulgamy hem beýleki pudaklar bilen birlikde ýyl geçdigisaýyn  kämilleşýär. Ýurdumyzda täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumybilim berýän orta mekdeplerde bagtyýar çagalara döwrebap ylym-bilim bermäge, edep-ekramly watansöýüji, berk bedenli nesilleri kemala getirmäge taýýarlyk işleri alnyp barylýar. 

      “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň-Watany” ýylynda Hormatly Belent Serkerdebaşymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň  baştutanlygynda eziz diýarmyzda nesil terbiýesine aýratyn uly üns berilýär.  Milli Lidermiz  her bir çykyşynda Watanymyzyň gülläp ösmeginiň,  türkmen halkynyň bagtly geljeginiň ýaşlaryň elindedigini  nygtaýar. 

          Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 55-nji maddasynda “Her bir adamyň bilim almaga hukugy bardyr. Umumy orta bilim hökmanydyr, her bir adam ony döwlet bilim edaralarynda tölegsiz almaga haklydyr. Döwlet her bir adam üçin öz ukyplaryna laýyklykda hünär  biliminiň elýeterliligini üpjün edýär.Tölegli bilim beriş işini amala aşyrmaga kanunda bellenen esaslarda we tertipde ýol berilýär.Ähli bilim edaralary üçin hökmany bolan döwlet bilim standartlary bellenýär” diýip kesgitlenen.

Hut şu nukdaýnazardan hem daşary ýurt döwletleriniň ülňülerine gabat gelýän Türkmenistanyň “Bilim” hakyndaky kanunynyň rejellen görnüşiniň kabul edilmegi hem aýdylanlaryň subutnamasydyr. Bu kanun 2021-nji ýylyň iýul aýynyň 05-ne kabul edilip, 12 bap, 60-maddadan ybaratdyr. Kanunyň 1-nji maddasynda:  “Bilim almak hukugy adamyň esasy we aýrylmaz konstitusion hukuklarynyň biri bolup durýar. Jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň esasy hökmünde bilimi kämilleşdirmek Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bilim Türkmenistanyň ýaş nesli terbiýelemek we okatmak babatda şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň isleglerini kanagatlandyrmaga esaslanýan maksatlaýyn we ulgamlaýyn işiniň binýadydyr”  diýip bellenilen. Täze rejelenen kanunyň 9-njy maddasyunda şeýle bellenilýär: “Türkmenistanda bilimiň derejeleriniň toparlara bölünişi ÝUNESKO-nyň Bilimiň klassifikasiýasynyň halkara standartyna esaslanýar we bilim maksatnamalarynyň mazmunyna laýyklykda, olaryň çylşyrymlylygyna, ele alynýan bilimlere we endiklere, öňki bilim maksatnamalary babatda bellenilýän talaplara, bilim hyzmatlarynyň guralyşynyň şertlerine we berlişiniň usullaryna görä amala aşyrylýar” diýilmegi hem  täze bilim  standartlaryň ornaşdyrlýandygyndan nyşandyr. Mudan başga-da,  kanunda  bilimiň mazmunyna we hiline   bildirilýän umumy talaplar, bilim almagyň we okatmagyň görnüşleri, okaýanlaryň toparlary, bilim edaralary bilim edarasynda bilim işiniň guralyşyna bildirilýän umumy talaplar, Türkmenistanyň bilim edaralaryna okuwa   kabul etmäge bildirilýän umumy talaplar, ýörite bilim edaralarynyň ulgamy oara bildirilýän talaplar barada giňişleýin durulyp geçilýär. Kanunda:   “Mekdebe çenli bilim çaganyň şahsyýetiniň beden hem-de akyl taýdan ösüşiniň esaslarynyň kemala getirilmegini, onuň milli we umumadamzat ruhy we medeni gymmatlyklary bilen tanyşdyrylmagyny, onda ukyplaryň we zehiniň ýüze çykarylmagyny hem-de ösdürilmegini üpjün edýän irki çagalyk döwründe okadylmagynyň we terbiýelenmeginiň maksatlaryna hyzmat edýär” diýilip bellenilip geçilýär.

 Şeýle hem,   “Başlangyç bilim derejesiniň bilim maksatnamalary okuwçynyň şahsyýetiniň kemala getirilmegine, onuň bilim işinde şahsy ukyplarynyň we başarnyklarynyň ösdürilmegine, şol sanda okamagy, ýazmagy, hasaplamagy, nazary pikirlenmegiň tärlerini, özüňe gözegçilik etmegiň iň ýönekeý endiklerini, özüňi alyp barmagyň hem-de sözleýiş medeniýetini, şahsy gigiýenanyň we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň esaslaryny ele almagyna gönükdirilendir. Başlangyç bilim hökmanydyr” diýilmegi bolsa, çaganyň ösüşinde başlangyç bilimiň nähili derejede zerurdygyny kesgitleýär.   

Esasy orta bilim hakynda hem giňişleýin durulyp geçip bu barada: “Esasy orta bilim derejesiniň bilim maksatnamalary okuwçylarda ylymlaryň esaslaryny, akyl we fiziki zähmet endiklerini ele almak; onuň höweslerini we gyzyklanmalaryny ýüze çykarmak; ýokary ahlakly dünýägaraýşy, gözellik duýgusyny we sagdyn durmuş ýörelgesine ymtylmagyny, şahsyýetara hem-de milletara gatnaşyklaryň ýokary medeniýetini emele getirmek we ösdürmek arkaly şahsyýetiň kemala getirilmegine gönükdirilendir.

Esasy orta bilim derejesiniň bilim maksatnamalary okuwçylarda durmuşda öz ornuňy tapmak ukyplarynyň ösdürilmegine we oýlanyşykly hünär saýlap bilmek başarnygynyň emele getirilmegine gönükdirilendir. Esasy orta bilim hökmanydyr” diýilmei hem, ýaş nesil baradaky  döwletimiziň nähili aladalanýandygyny görmek bolýar.

Okuwçylaryň mekdepden daşary we  goşmaça bilimi hem-de ýokary hünär bilimi hakynda hem durulyp geçilýär.

Jemgyýetçilik gatnaşyklaryny hemme taraplaýyn kämilleşdirmek, ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek barada alnyp barylýan işiň aýrylmaz  bölegi hem  hukuk tertibini pugtalandyrmakdyr. Biziň döwletimiziň kanunlary ähli raýatlary çagalary terbiýelemek  hakynda alada etmäge, olary jemgyýet üçin peýdaly zähmete taýýarlamaga, ylym-bilim bermäge  jemgyýetimize mynasyp adamlary  ösdürip ýetişdirmäge borçly edýär. Bu barada kanunyň –maddasynda: “Ata-eneleriň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň çagalary terbiýelemäge, olaryň saglygy‚ ösüşi‚ okamagy barada alada etmäge‚ olary zähmete taýýarlamaga‚ olarda kanunlara‚ türkmen halkynyň taryhy we medeni däp-dessurlaryna, şeýle hem umumadamzat gymmatlyklaryna hormat goýmak medeniýetini terbiýelemäge hukuklydyrlar we borçludyrlar” diýilip bellenilen.

  Şeýle-de ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim terbiýe almagy ugrunda döwletimiz tarapyndan  birnäçe kanunlar we kadalaşdyryjy hukuknamalar kabul edilýär muňa mysal edip, Çaganyň    hukuklarynyň kepillikleri hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny,  Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Döwlet umumybilim edaralary hakynda” şeýle-de, “Döwlet mekdebe çenli çagalar edaralary hakynda”  Düzgünnamalara laýyklykda okuw ýylynyň başlanmagynyň öňsyrasynda ýurdumyzyň her bir künjeginde ýerleşýän bilim edaralarynda, ýokary okuw we orta mekdeplerde okuw otaglarynyň abadanlaşdyryş işleri geçirilýär, şeýle-de okuw kitaplary bilen üpjün ediş derejesi seljerilýär. Bilim işgärleriniň, mekdep ýolbaşçylarynyň, mugallymlaryň gatnaşmagynda okuw-usuly maslahatlar geçirilýär.

        Täze 2021-2022-nji okuw ýylynyň awgust maslahatlarynda mugallymlar bilim ulgamyndaky täzelikler bilen tanyşýarlar, şeýle-de dürli ugurlar boýunça tejribeli, öňdebaryjy mugallymlaryň göreldeli sapaklary guralýar. Ýurdumyzda her bir sapaklaryň dünýä ülňülerine laýyk alnyp barylmagyna uly üns bilen garalýar. Şeýle göreldeli  sapaklarda hem mugallymlara interaktiw tagtadan, kompýuter tehnalogiýalardan peýdalanyp, okuwçylara temany döwrebap düşündirmegiň täze usullary görkezilýär. Çünki dünýä ýüzünde kompýuter tehnalogiýalarynyň ösýän döwründe täzeliklerden habarly bolup, bu ugurdan netijeli baş alyp çykýan, döwür bilen aýakdaş gidýän nesli kemala getirmek her bir hünärine jogapkärli çemeleşýän mugallymyň mukaddes borjudyr.                  

      Tomusky dynç alyş möwsüminde Gökderäniň gözel jülgesinde, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda, welaýatlarda açylan çagalar dynç alyş sagaldyş merkezlerdinde dynç alyp, täze okuw ýylynyň başlanmagyna  uly höwes bilen garaşýan bagtyýar çagalara ak mekdepler gujak açýar. Watana wepaly, ene-ata hormat goýýan, döwrebap terbiýeli nesliň kemala gelmegi bolsa gönüden-göni halal zähmet çekýän ,ugallymlaryň we ene-atalaryň tagallasydyr.

       Häzirki wagtda öz hünärine uly söýgi hem-de yhlas bilen garaýan her bir mugallym üçin gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren ajaýyp zamanasynda döredijilikli zähmet çekmäge ähli şertler döredilýär. Ýaş  nesllermizi mähir bilen okadýan mugallymlara täze okuw ýylynyň öňsyrasynda işlerinde üstünlik arzuw edýäris.

       Bilim ulgamynyň ösmeginde uly işler alyp barýan mähriban Arkadagymyzyň  il-ýurt bähbitli işleriniň   rowaç bolmagyny dileýäris. Goý, hormatly prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

  

Maýsa KURBANOWA. Mary welaýat prokurorynyň Hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji. 2-nji derejeli ýurist.