NAÝBAŞY BAÝRAMYŇ ŞANYNA

05.10.2021

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny uly buýsanç, ruhubelentlik bilen garşylan halkymyz döwletli döwrana ýetiren bu ajaýyp senäniň eçilen miwelerine, belent sepgitlerine nazar aýlap, erkana Tuguň astynda eýe bolan gymmatlyklarynyň gadyr-gymmatyna ýene bir ýola göz ýetirdi.

Döwletimiziň naýbaşy baýramyna ýurdumyzyň her bir pudagynda zähmet çekýän raýatlar belent hyjuw bilen geldiler. Tarypyna söz ýetmejek, halkymyz üçin çäksiz mertebelenýän bu şanly senede geçirilýän baýramçylyk dabaralaryna, sergilere we beýleki şatlykly çärelere ýokary baýramçylyk ruhunda gatnaşdylar. Şeýle çäreler her bir şäheri, obany, pudagy,  ojagy gurşap aldy.

«Garaşsyzlyk — ösüşleriň binýady» ady bilen Türkmenistanyň Baş prokuraturasynda geçirilen dabaraly maslahatda hem Garaşsyzlygyň miweleri,  hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýetilen belent sepgitler, hukuk ulgamynyň döwrebap ösüşi barada giňişleýin durlup geçildi.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda beýleki harby we hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde prokuratura edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, hemmataraplaýyn oňaýly iş şertleriniň döredilmegi, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen prokuror gözegçiliginiň aýry-aýry ugurlarynda işleri kämilleşdirmäge döredilen mümkinçilikler, işgärleriň ýaşaýyş we durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy ugrunda edilýän bimöçber tagallalar barada buýsanç bilen bellenildi.

Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň dürdäne eserlerine aýratyn orun berildi. Prokuratura edaralarynyň işgärleri üçin watansöýüjilik duýgularyny has-da berkitmekde, durmuş tejribesini baýlaşdyrmakda bu kitaplaryň gymmaty barada durlup geçildi we paýhas çeşmelerinden bölekler okaldy.

Dabara gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň: «Berkarar döwletimizde kanunçylygy we hukuk tertibini pugtalandyrmak, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak prokuratura edaralarynyň möhüm wezipesidir» diýen sözlerinden ugur alyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny, kanunçylygyň berjaý edilişini pugtalandyrmak, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, milli Liderimiziň parasatly döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek ugrunda jan aýaman zähmet çekip, Watanymyza, mähriban halkymyza, milli Liderimize ak ýürekden gulluk etjekdiklerini ynandyrdylar.

 

Durdy AMANOW, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň işgärler bölüminiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi, hukuk ylymlarynyň kandidaty.