13.10.2021
Türkmen halkynyň asyrlardan gelýän milli däp-dessurlary, inçe ýörelgeleri, durmuşa siňip giden, ýazylmadyk kada-kanunlary bar. Şolaryň biri hem çaga terbiýe bermek, ony edep-ekramly edip ýetişdirmekdir. Terbiýe barada gürrüň açylanda, türkmen halky «Edebiň ýagşysy — ulyny syla», «Edep salamdan başlanýar», «Atalar sözi, akylyň gözi» diýen ýaly nakyllary durmuş hemrasyna öwrüpdir. Bir wagtlar ogly mekdep ýaşyna ýeten adam, ony mollanyň ýanyna alyp barýar. «Şuňa terbiýe berseňiz hem-de okatsaňyz» diýýär. Şonda molla: «Okatmasyna başlarys, ýöne terbiýe meselesinde biraz gijä galan bolmasaňyz. Çagany doglan gününden terbiýeläp başlamaly, has takygy, onuň terbiýesi barada entek enesiniň göwresindekä aladalanmaly» diýýär. Çagany ene göwresindekä terbiýeläp başlan pederlerimiz onuň ýurt üçin gerekli, jemgyýet üçin peýdaly adam bolup ýetişmekleri ugrunda yhlas edipdirler.
Perzendiň edep-terbiýesiniň binýady maşgaladan gaýdýar. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň maşgala kanunçylygy nikanyň we maşgalanyň mizemezligini goramaga, olaryň hemmetaraplaýyn hukuk goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 3-nji maddasynda maşgalany, eneligi, atalygy we çagalygy goramagyň döwlet kepillikleriniň bellenilmegi, maşgalanyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy üçin şertleriň döredilmegi ýurdumyzyň maşgala kanunçylygynyň maksady bolup durýandygy bellenilendir.
Maşgalanyň erkek bilen aýalyň birek-birege bolan söýgüsi esasynda meýletin gurulmagy, ahlak ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagy, är-aýalyň hukuklarynyň deňliginiň üpjün edilmegi ýurdumyzda hereket edýän maşgala kanunçylygynyň wezipeleridir. Bulardan başga-da, kanunçylykda maşgalanyň ähli agzalarynyň jogapkärçiliginiň ýokarlandyrylmagy, çaganyň sagdyn ösmegi we kemala gelmegi üçin amatly şertleriň üpjün edilmegi ýaly kadalaryň hem esasy wezipeleriň hatarynda görkezilmegi maşgala binýadynyň berkligini gazanmakda möhümdir.
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlaryň terbiýesine hemmetaraplaýyn üns berilýär. Olaryň ylym-bilim almagy, sagdyn iýmitlenmegi, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy, işjeň dynç almagy we döredijilik bilen meşgullanmagy esasy üns berilýän ugurlaryň hatarynda görkezilýär. Munuň özi adam hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň esasy ugruna öwren hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda mukaddes Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň sagdyn, edep-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, milli gymmatlyklara sarpa goýýan ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda edýän taýsyz tagallalarydyr.
Oguljennet BAÝRAMOWA, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi