05.11.2021
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyz Türkmenistan Bitaraplyk derejesine daýanmak bilen halkara gatnaşyklaryny yzygiderli giňeldýär. Döwletara derejesinde, şeýle hem abraýly halkara guramalary bilen özara gatnaşyklaryň çäklerinde netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Şahyryň:
Ösüşleriň bedew bady bagta sary rowandyr,
Bitaraplyk ýörelgämiz dowamata dowamdyr —
diýip belleýşi ýaly, hemişelik Bitaraplygymyz dowamat-dowam bolýar.
Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, umumadamzat gymmatlygydyr. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykrar edilmegi ýurdumyzyň halkara derejesinde at-abraýynyň ýokarydygyny görkezýär. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde bolsa «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Kararnamasynyň gaýtadan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň dünýä ýüzünde ykrar edilýändiginiň ýene-de bir gezek subutnamasy boldy.
Hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan döwletimiz BMG bilen özara gatnaşyklary has-da ösdürmek bilen, Milletler Bileleşigi tarapyndan işlenilip taýýarlanylýan, ählumumy ykrar edilýän halkara hukuk kadalaryna yzygiderli eýerýär. Dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek we çuňlaşdyrmak boýunça ýola goýlan gatnaşyklar täze many-mazmuna eýe bolýar. Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde tagallalary birleşdirmegiň merkezi bolan BMG-niň düzümleri we beýleki abraýly halkara guramalary bilen häzirki zamanyň derwaýys meselelerini çözmäge döredijilikli gatnaşýar. Ak mermerli paýtagtymyzda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy, şeýle-de halkara duşuşyklaryň we maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň barha giň gerime eýe bolýandygyny we onuň sebitde parahatçylygy berkitmekde netijeli orny eýeleýändigini tassyklaýar. Ýurdumyzda bu merkeziň hereket etmegi dünýä jemgyýetçiliginiň Türkmenistany Merkezi Aziýada parahatçylygyň, durnuklylygyň we hyzmatdaşlygyň mekany hasaplaýandygyny görkezýär.
Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu waka ýurdumyzyň dünýä giňişliginde uly abraýdan peýdalanýandygynyň hem-de sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge uly goşandynyň ykrar edilmeginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Şeýle-de Aşgabatda ýurdumyzyň GDA başlyklyk etmeginiň çäklerinde Arkalaşygyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, bu guramanyň çäklerinde hyzmatdaşlyga Arkalaşygyň ýurtlary bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge we goşmaça kuwwat bermäge, däp bolan gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam edýän gural hökmünde garaýar. Ýurdumyzda geçirilýän halkara derejeli maslahatlar eziz Diýarymyzyň abraýyny has-da belende göterýär. Olar hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän «Ösüş arkaly parahatçylyk» diýen ynsanperwer ýörelgesi bilen berk baglanyşyklydyr. Bu ýörelge hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatynyň esasynda durýar. Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasy özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de netijeli medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge ýardam edýär. Şu ýylyň 15-nji oktýabrynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşi geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz çykyş edip, taryhy söz sözledi.
Milli Liderimiziň halkymyza peşgeş beren «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda şeýle sözler bar: «Adam gymmatlygy hakyndaky düşünje şu zamanyň derwaýys ýörelgesidir. Çünki taryh ýaşaýşyň asyl maksadynyň adamlardadygyny, olaryň durmuşa gatnaşygyndadygyny anyk beýan etdi. Häzirki döwür ýaşaýşyň manysynyň, ilkinji nobatda, adama goýulýan gadyr-gymmatdan başlanýandygyny ykrar etdi. Şonuň üçin hem biziň döwrümizde dünýäniň dynuwsyz hereketini hut adamlar barasyndaky maksatda jemleýän taglymatlar rowaçlanýar».
Goý, adam hakyndaky aladany esasy orunda goýup, ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmakda dünýä ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
Mekan NURGELDIÝEW, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň prokurorynyň uly kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.