08.11.2021
Döwletimiziň ulag diplomatiýasy Merkezi Aziýa we Hazar deňziniň sebitlerini Ýewraziýada strategik durnuklylygyň mäkäm halkasyna öwürmegi, Ýewropa we Aziýa ýurtlaryny geljegi uly ykdysady hyzmatdaşlar hökmünde jebisleşdirmegi, yklymara ähmiýetli ulag ulgamyny döretmegi maksat edinýär. Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, goňşy sebitleriň arasyndaky ykdysady we söwda ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berjek häzirki zaman, utgaşdyrylan ulag-üstaşyr infrastrukturasyny döretmek baradaky pikirleri, başlangyçlary öňe sürýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly daşary syýasat başlangyçlarynyň, oňyn teklipleriniň we taýsyz tagallalarynyň netijesinde, 2016-njy ýylyň noýabr aýynda BMG-niň we beýleki köp sanly hyzmatdaşlaryň goldaw bermeginde Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyň paýtagtymyz Aşgabatda taryhy ähmiýetli üstünlikli we netijeli geçirilendigini ýatlamak has hem guwandyryjydyr. Onuň çäklerinde häzirki zaman ýagdaýlara we isleglere laýyk gelýän çemeleşmeler beýan edilip, geljegi uly meýilnamalar göz öňünde tutuldy. Şeýle-de täze mümkinçilikler hödürlenildi hem-de jemleýji resminama kabul edildi.
Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ulag diplomatiýasy we halkara ulag hyzmatdaşlygy döwrüň öňe çykarýan wajyp wezipelerine örän jogapkärçilikli, oýlanyşykly çemeleşmek esasynda degişli ugurlarda hereket etmegiň we oňyn netijeleri gazanmagyň anyk hem-de netijeli usullaryny, ýollaryny teklip edýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 29-njy iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamasynyň kabul edilmegi, Alym Arkadagymyzyň daşary syýasat başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň ulag strategiýasy ýurduň üýtgewsiz taryhy ýörelgelerine we milli aýratynlyklara esaslanýar. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda köpugurly ulag-aragatnaşyk infrastrukturasynyň döredilmeginiň, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýeti maksadalaýyk ösdürmäge hem-de ahyrky netijede, halkyň eşretli ýaşaýşyny ýokarlandyrmaga, durmuş häsiýetli maksatnamalary amala aşyrmaga mümkinçilik berýändigini aýratyn nygtaýar. Halkara geçelgeleriň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyzda döwrebap ýollar, köprüler, halkara howa, demir ýol menzilleri, portlar gurulýar. Bularyň ählisi häzirki zaman şertlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegine ýol açýar, syýahatçylygyň, medeni hyzmatdaşlygyň, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň rowaçlanmagyna şert döredýär.
Umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýän hormatly Prezidentimize halkymyzyň alkyşlary çäksizdir.
Annamyrat GUBAÝEW, Ahal welaýatynyň harby prokurorynyň kömekçisi,ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.