NIKANYŇ BERKLIGI – MAŞGALANYŇ MIZEMEZLIGI

17.11.2021

Maşgala nikadan döreýär, müňlerçe maşgala birigip, jemgyýeti emele getirýär. Taryhdan belli bolşy ýaly, adamzat jemgyýeti maşgala döretmegiň birnäçe nusgalaryny öňe çykardy. Bu meselede häzirki günlerde hem düýpli aýratynlyklara duş gelmek bolýar. Nika-maşgala institutlary her bir halkyň özboluşly mental aýratynlyklaryna esaslanýar. Biziň ýurdumyzda maşgala meselesinde ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgelere eýerilýär. Maşgala däpleri döwre görä, täze öwüşginler bilen üsti ýetirilýär, ýöne olar many-mazmun babatda mizemez hasaplanylýar.

 Maşgala däplerini mynasyp dowam etdirmekde mekdebe öwrülen Hormatly Prezidentimiziň dürdäne eserlerini okanyňda nusgalyk türkmen maşgalasynyň keşbi göz öňüňde janlanýar. Milli Liderimiz «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly eserinde: «Zenan maşgalalar, ata-babalarymyzyň sözi bilen aýtsak, «dört tärimden başga ýeri» gören hem däldir. Ýöne han-beglere, gahryman batyrlara öz maslahatlary bilen kömek edýärler. Mähriban käbämiň hemişe el işine gümra bolup oturýandygy göz öňüme gelýär. Ýöne maşgalamyzyň meselesine gezek gelende, onuň kyblam bilen maslahatlaşyp, ony hemişe goldaýandygyna düşanýärdim. Halkymyzda şonuň üçinem: «Biribar deň etmän, duş etmez» diýilýär. Maşgalada şol deňlik saklanýar, birek-biregiň sylaşygynyň esasynda agzybir durmuş gazanylýar. Sebäbi özara öwrenmek düşünjesi esasynda hereket edilýär. Şeýdibem maşgalanyň umumy zehin, ylym-bilim, pähim-paýhas, ukyplylyk derejesi ýokarlanýar. Jemgyýetde-de şeýle gatnaşykda ösüş bolýar.» diýip belleýär. [1].

Türkmen maşgalasy edebiň, terbiýäniň öýi hasaplanylýar. Ine, şonuň üçin türkmen halky maşgalany ojak, saçak bilen deňeýär. Häzirki döwürde Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasaty asyrlarboýy dowam edip gelýän türkmeniň maşgala däplerini dikeltmeklige, ony nesilleriň dowam etdirmeklerine gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz 2021-nji ýylyň 24-nji iýulynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde halkymyzyň milli medeni mirasyny, belent ynsanperwer däp-dessurlaryny, maşgala gymmatlyklaryny aýawly saklamak, baýlaşdyrmak we giňden wagyz etmek meseleleriniň hemişe üns merkezinde durmalydygyny nygtady. [2].

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasynda: «Maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwletiň goragynda durýarlar. Nika ýaşyna ýeten erkek bilen aýalyň özara razylygy boýunça nikalaşmaga we maşgala gurmaga hukugy bardyr. Maşgala gatnaşyklarynda är-aýal deňhukuklydyrlar. Ata-eneler ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar çagalaryny terbiýelemäge, olaryň saglygy, ösüşi, okuwy barada alada etmäge, olary zähmete taýýarlamaga, kanunlara, taryhy we milli däp-dessurlara hormat goýmak medeniýetini olaryň aňyna ornaşdyrmaga hukuklydyrlar we borçludyrlar.  Kämillik ýaşyna ýeten çagalar ata-eneleri barada alada etmäge, olara kömek bermäge borçludyrlar. Döwlet ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýär we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýär.» diýlip bellenilýär. [3].

Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde «maşgala» we «nika» düşünjelerine aşakdaky kesgitlemeler berilýär: maşgala - adamlaryň nikadan, garyndaşlygyndan, ogullyga ýa-da gyzlyga almagyndan (mundan beýläk - perzentlige almak) ýa-da çagalaryň maşgala kabul edilmeginiň başga görnüşinden gelip çykýan şahsy emläk däl we emläk hukuklary we borçlary bilen baglanyşykly topary;  nika - är-aýalyň öz aralaryndaky hukuklaryny we borçlaryny döredýän, erkek bilen aýal kanunda bellenilen tertipde maşgala gurmak üçin baglaşan meýletin deň hukukly birleşigi; [4].

Diýmek, maşgala düşünjesi has giň bolup, nika onuň döremegi üçin esas bolýan şahalaryň biri hasaplanylsa dogry bolar. Şol şahanyň mizemezliginiň üpjün edilmegi, ösüp-örňäp pajarlamagy üçin şertleriň döredilmegi bolsa, maşgalanyň berkligine täsir etjek ýagdaýdygy jedelsiz hakykatdyr.

Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde Türkmenistanda maşgala gatnaşyklarynyň hukuk taýdan düzgünleşdirilmegi döwlet tarapyndan amala aşyrylýandygy, Türkmenistanda diňe Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy edarasy tarapyndan bellige alnan nika ykrar edilýändigi baradaky kadalaryň görkezilmegi, döremegi we bes edilmegi bilen belli hukuklaryň we borçlaryň döremegine getirýän gatnaşyklaryň ilkibaşky esaslarynyň kanuny bolmagyna gönükdirilendir.

Ýurdumyzyň maşgala kanunçylygyna laýyklykda, resmi nikanyň şertleriň ilkinjisi zenan bilen erkek kişiniň bellenilen nika ỳaşyna ỳetmegidir. Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 15-nji maddasynda: «Nika ýaşy on sekiz ýaş diýlip bellenilýär. Aýratyn halatlarda esasly sebäpler bolan mahalynda hossarlyk we howandarlyk edaralary tarapyndan nika baglaşmak isleýän adamlaryň haýyşy boýunça nika ýaşy bir ýyldan köp bolmadyk wagta peseldilip bilner Türkmenistanyň raýat kanunçylygyna laýyklykda, on sekiz ýaşyna ýetmänkä nikalaşmaga kanun boýunça ýol berilýän halatynda, on sekiz ýaşyna ýetmedik fiziki şahs nikalaşan wagtyndan başlap, doly möçberinde kämillik ukybyna eýe bolýar. Nika baglaşylmagy netijesinde eýe bolnan kämillik ukyby on sekiz ýaşyna ýetmänkä nika bozulan halatynda hem doly möçberinde saklanyp galýar. Nika hakyky däl diýlip ykrar edilen mahalynda, kazyýet bu kemala gelmedik ýanýoldaşyň kazyýetiň kesgitleýän pursatyndan başlap, kämillik ukybyny doly ýitirýändigi hakynda çözgüt çykaryp biler.  Nika ýaşyna ýetmedik adamy hakykat ýüzünde nikalaşmaga mejbur edilmegi üçin Türkmenistanyň Jenaýat kodeksinde jenaýat jogapkärçiligi bellenilendir. [5].

Zenan bilen erkek kişiniň nikasynyň hakyky diỳlip bilinmeginiň ikinji şerti bolsa, nikalaşýanlaryň özara razylygynyň bolmagydyr. Nikanyň hakyky bolmagynyň bu şerti, «Raỳatlyk we syỳasy hukuklar hakyndaky halkara Paktyň» 23-nji maddasynyň 3-nji bendinde «Hiç bir nika nikalaşýan adamlaryň erkin we doly razylygy bolmasa, baglaşylyp bilinmez» diýlip berkidilỳär. [6]. Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 127-nji maddasynda bolsa aýal-gyzlaryň erk-islegine garamazdan, olar bilen hakykat ýüzünde nikalaşmak üçin olary zorluk bilen alyp gaçana, üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy kesitlenilen.

Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 20-nji maddasynda nikanyň baglaşylmagyna ýol bermeýän üç sany ýagdaý kesgitlenilýär. Olaryň birinjisi: arza beriljek mahalynda olaryň iň bolmanda biri eýýäm başga bir bellige alnan nikada durýan adamlaryň arasynda nika baglaşylmagyna ýol berilmezligi. Nikanyň hakyky bolmagynyň bu şerti Türkmenistanyň demokratik, dünỳewi döwlet bolmagyndan gelip çykỳar. Türkmenistanda köp aỳallylyk jenaỳat jogapkärçiligine getirýär. Köp aýallylyk diýip, bir wagtda iki ýa-da birnäçe aýal bilen bile ýaşap, umumy hojalygyň bilelikde ýöredilmegine düşünilýär. Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 7-nji maddasynyň  4-nji böleginde: «Türkmenistanda köp aýallylyga ýol berilmeýär. Köp aýallylyk diýlip, iki ýa-da birnäçe aýal bilen bir wagtda bile ýaşap, umumy hojalygyň bilelikde ýöredilmegine düşünilýär.» diýlip bellenilýär.

        Ikinjisi:göni ata-babalaryna barýan ýa-da ata-babalaryndan gaýdýan ugurlar boýunça garyndaşlaryň, süýtdeş ýa-da doly süýtdeş däl doganlaryň, şeýle hem perzentlige alanlar bilen perzentlige alnanlaryň arasynda nika baglaşylmagyna ýol berilmezligi. Asyldan gelýän gös-göni garyndaşlar diỳlende, ata-enelere, çagalara, perzentlige alyjylara, perzentlige alnanlara, süýtdeş hem-de ganybir doganlara we uýalara, ata-baba, ene-mama, agtyklara düşünilỳär. Bu şertiň girizilmegi öz köküni adamzadyň ilkidurmuş jemgyỳetleriniň zamanasyndan alyp gaỳdỳar. Eỳỳäm şol döwürlerde adamlar ỳakyn garyndaşlaryň maşgala gurmaklarynyň netijesinde dünỳä inỳän çagalaryň dogabitdi kemisli bolup dünỳä inỳändiklerine, şonuň netijesinde ynsan nesliniň sagdynlygynyň ỳitỳändigine göz ỳetiripdirler. Hut şonuň üçinem adamzadyň gan sagdynlygyny goramak maksady bilen nikalaşmagyň şu şerti bütin dünỳäniň aglaba köp ỳurtlarynda hökmanylyk hökmünde ykrar edilỳär.

Üçünjisi: psihiki bozulmagyň (ruhy keseliň ýa-da kemakyllygyň) netijesinde olaryň iň bolmanda biri kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adamlaryň arasynda nika baglaşylmagyna ýol berilmezligi. Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň  26-njy maddasyna laýyklykda, psihiki ýarawsyzlygy (dälilik keseli ýa-da akyly kemlik) sebäpli öz hereketleriniň manysyna düşünip bilmeýän ýa-da şol hereketlere erk edip bilmeýän fiziki şahs sud tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilip bilner. [7].

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hukuk ulgamynyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda maşgala kanunçylygy hem ösüş ýolunda. Hormatly Prezidentimiz 2021-nji ýylyň 15-nji aprelinde Milli Geňeşiň iki palatasynyň birinji bilelikdäki mejlisinde eden taryhy çykyşynda «Demokratiýanyň we bitewi dolandyryşyň ilkinji sapaklary maşgaladan başlanýar, sebäbi maşgala türkmen jemgyýetiniň binýady bolup durýar. Ol özboluşly ilkinji guramadyr. Maşgalada gatnaşyklaryň köpugurly görnüşleri emele gelýär we dürli soraglar çözülýär. Şoňa görä-de, her bir maşgala maddy we ruhy taýdan üpjün bolmalydyr. Ýurdumyzyň mynasyp raýatlaryny terbiýelemek üçin jogapkärçilik çekmelidir. Maşgala näçe berk boldugyça, jemgyýet hem şonça hemmetaraplaýyn baýdyr.» diýip belläp geçdi.  

Görkezilenler esasynda, ýurdumyzda maşgalany goramagyň we goldamagyň hukuk binýadynyň ösüşi boýunça aşakdaky netijä gelmek mümkin:

Maşgala gatnaşyklarynyň döremeginiň şertleriniň biri bolan nikanyň berkligini gazanmaga gönükdirilen kadalaryň kämilleşdirilmegi, maşgalanyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen işleriň netijeliligini üpjün edýär.

 

 

 

EDEBIÝAT

1.   G.Berdimuhamedow. Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar.//Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017. (67-nji sahypa).

2.   “Türkmenistan” gazeti. 187 (30113)

3.   Türkmenistanyň Konstitusiýasy. (rejelenen görnüşi) (09.10.2017ý. № 617-V, 25.09.2020ý. №297-VI Türkmenistanyň Konstitusion   kanunlary esasynda girizilen goşmaçalar we üýtgetmeler bilen ) //  – Aşgabat:Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2020.

4.   Türkmenistanyň Maşgala kodeksi.// 10.01.2012ý. 258-IV.

5.   Türkmenistanyň Jenaýat kodeksi.// 10.05.2010ý. 104-IV.

6.   „Raỳatlyk we syỳasy hukuklar hakyndaky halkara Pakty“//16.12.1966ý.

7.   Türkmenistanyň Raýat kodeksi.// 17.07.1998ý. № 294-1.

8.   G.Berdimuhamedowyň Milli Geňeşiň iki palatasynyň birinji bilelikdäki mejlisinde eden çykyşy. 15.04.2021ý.

 

 

      Döwlet Amanmyradow Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş derňew müdirliginiň müdiri, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.