17.11.2021
Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmekde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda, ykdysadyýetiň oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işinde uly üstünlikleri gazanandyklary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy we Hasyl toýy mynasybetli, karar edýärin:
Şu welaýatlaryň häkimlerini "Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna" atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamaly:
Ahal welaýatynyň häkimi Ýazmuhammet Gurbanowy,
Balkan welaýatynyň häkimi Taňryguly Rejepgulyýewiç Atahallyýewi,
Daşoguz welaýatynyň häkimi Nazarmyrat Geldimyradowiç Nazarmyradowy,
Lebap welaýatynyň häkimi Şöhrat Annagurbanowiç Amangeldiýewi,
Mary welaýatynyň häkimi Döwranberdi Orazberdiýewiç Annaberdiýewi.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.