TÜRKMENISTANDA ADAMYŇ WE RAÝATYŇ HUKUKLARYNYŇ KANUNÇYLYK KEPILLIKLERI

18.11.2021

 

Hormatly Prezidentimiziň ýurt başyna geçen ilkinji günlerinden öňe süren “Döwlet adam üçindir” diýen şygarynyň hakykat ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň subutnamalaryny biz gündelik durmuşymyzda kabul edilýän kanunlarda, kadalaşdyryjy hukuk namalarynda we anyk işlerde görýäris. Ýurdumyzda hereket edýän we täze kabul edilýän kanunlar, kadalaşdyryjy hukuk namalar raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny berkarar etmäge gönükdirilýär. Bagtyýar döwrümizde ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek maksady bilen giň möçberli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Aýlyk zähmet we talyp haklary, pensiýalar we döwlet kömek pullary yzygiderli köpeldilýär. Raýatlarymyzyň ýaşaýşy üçin sagdyn ekologiki gurşawy, azyk howpsuzlygyny döretmek, sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmak we ýeňilleşdirmek üçin tagallalar edilýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 1-nji maddasynda: «Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolup, onda döwlet dolandyryşy prezident respublikasy görnüşinde amala aşyrylýar.» diýlip kesgitlenen.

Hukuk döwleti – bu jemgyýetde syýasy häkimiýetiň, adamyň we raýatyň hukuklaryny hem azatlyklaryny has doly üpjün etmek üçin şertleri döredýän döwletdir. Konstitusiýadan gözbaş alýan kanunlaryň hereket etmegi, olaryň hukuk hem durmuş taýdan goraglylygynyň üpjün edilmegi bolsa häzirki zaman düşünjesinde hukuk döwletiniň esasy alamatlarynyň hatarynda durýar.

Jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda  kanunlaryň hökmürowanlygy munuň özi döwletiň kanunçykaryjy edarasy tarapyndan döwletiň adyndan kabul edilýän kanunlaryň adalatlylyk, ynsanperwerlik, halk häkimýetliligi, deňhukuklylyk, ynsanyň tebigy hem mizemez hukuklarynyň eldegrilmesizligi ýaly umumy ykrar edilen hukuk ýörelgelerine we hukugyň tebigatyna laýyk gelmegidir.

Esasy Kanunymyzyň 8-nji maddasynda: «Türkmenistanda kanunlaryň hökümrowanlygy bellenilendir.» diýlip berkidilýär. Ýurdumyzda kabul edilýän we hereket edýän kanunlar bolsa gönüden-göni raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini goramaga gönükdirilendir.

Hukuklar we azatlyklar hakynda beýan etmek bilen birlikde, “adam” we “raýat” diýen düşünjeleriň manysyna üns bermek hem ähmiýetlidir. Adam –  bu aň-paỳhasly, jemgyỳetçilik jandary bolup, ol taryhy-jemgyỳetçilik işjeňliginiň we medeniỳetiň subỳektidir. Raýat -  düşünjesi “raýatlyk” düşünjesi bilen baglanyşykly bolup, «Türkmenistanyň raýatlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji maddasynda  «Türkmenistanyň raýatlygy – adamyň Türkmenistan bilen durnukly hukuk arabaglanyşygy bolup, ol özara hukuklaryň we borçlaryň bütin jemini aňladýar.» diýlip görkezilýär.

Adamyň hukuklary halkara derejesinde Adam hukuklarynyň ähumumy Jarnamasy we beýleki halkara hukuk resminamalary, olary ykrar eden ýurtlaryň milli kanunçylygy bilen goralýan bolsa, raýatyň hukuklary durnukly hukuk arabaglanyşygy bolan ýurdunyň kanunlary arkaly kepillendirilýär. Döwlet her bir raýatyň öňünde jogapkärdir we şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şertleriň döredilmegini üpjün edýär, raýatyň janyny, at-abraýyny, mertebesini, azatlygyny, şahsy eldegrilmesizligini, tebigy we aýrybaşgalanmaz  hukuklaryny goraýar.

Adamyň hukuklary diýlende, onuň şahsy, ykdysady, durmuş, syỳasy we medeni çygyrlardaky mümkinçiliklerine hem-de isleglerine, şeỳle hem adamyň döwlet babatda hukuk ỳagdaỳynyň häsiỳetlendirmesine düşünilỳär. Ol hukuklar şahsy hukuklara, syýasy-jemgyýetçilik hukuklaryna, durmuş-ykdysady hukuklara we beýleki hukuklara we azatlyklara bölünýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň II bölümi “Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary we borçlary” diýlip atladyrylyp, onuň maddalarynda adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilen kadalar berkidilendir.

Esasy Kanunymyzyň 25-nji maddasynda «Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ykrar edilýär hem-de şu Konstitusiýa we kanunlar bilen kepillendirilýär.» diýlip bellenilýär Hukuk ylmynda hukuk kepillikleri umumy we ýörite-hukuk kepilliklerine bölünýär. Umumy kepillikler durmuş-ykdysady, aňyýet, syýasy, maglumat, guramaçylyk kepilliklerini öz içine alýar. Adamlaryň we raýatlaryň aýry-aýry toparlaryny anyk hukuk kepilliklerini üpjün etmek üçin bolsa ýörite- hukuk kepillikleriniň zerurlygy ýüze çykýar.

Kanunylygyň kepillikleri – bu hukuk kadalarynyň berjaý edilmegini, döwletiň we jemgyýetiň bähbitleriniň, raýatlaryň hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilen, guramaçylyk, ykdysady, syýasy, aňyýet şertleriniň we hukuk çäreleriniň kesgitli, anyk toplumydyr.

Hukuk kepillikleri aşakdaky aýratynlyklar bilen häsiýetlendirilýär:

Köptaraplylyk. Islendik kepillik hukuk kadalarynda berkidilip, hukuk kepilligine öwrülýär.

ç) Hökmanylyk. (Kanunda berkidilendigi sebäpli hökmany ýerine ýetirilmäge degişli bolýar.)

d) Döwlet häkimiýeti bilen üpjün edilmek. (Berjaý edilmedik ýagdaýynda döwletiň mejbur ediş güýji ulanylyp bilinýär.)

Ykdysady (maddy) kepillikler jemgyýetiň ykdysady taýdan ösüşi, köpugurly ykdysady ulgamyň çäklerindäki gatnaşyklaryň sazlaşygy, netijeli hereket edýän salgyt ulgamy we beýlekiler bilen kesgitlenýär. Esasy Kanunymyza laýyklykda her bir adamyň telekeçilik we kanunda gadagan edilmedik gaýry ykdysady işi üçin ukyplaryny we emlägini erkin peýdalanmaga hukugy bardyr. Hususy eýeçilik  hukugy kanun bilen goralýar. Her bir adam eýeçiliginde emläginiň bolmagyna, emlägine özbaşdak, şeýle-de beýleki şahslar bilen bilelikde eýelik etmäge, ondan peýdalanmaga we oňa ygtyýar etmäge haklydyr. Miras hukugy kepillendirilýär.

Durmuşy kepillikler ilkinji nobatda, önümçiligiň dowamly yzygiderliligine  gatnaşýan raýatlaryň mynasyp ýaşaýyş derejesini üpjün etmekden, ilatyň goralmaga mätäç gatlaklaryna durmuş taýdan goldaw bermegiň netijeli ulgamynyň hereket etmeginden we beýlekilerden ybaratdyr. Ýurdumyzda raýatlaryň ýaşy boýunça näsaglan, maýyp bolan, işe ukyplylygyny, ekleýjisini ýitiren, işsiz bolan halatynda we gaýry kanuny esaslar boýunça durmuş üpjünçiligine hukugy bardyr. Ýaş maşgalalara, köp çagaly maşgalalara, ata-enesinden mahrum bolan çagalara, weteranlara we döwletiň bähbitlerini goramakda saglygyny ýitiren adamlara döwlet we jemgyýetçilik serişdelerinden goşmaça goldaw we ýeňillikler berilýär.

Syýasy kepillikler jemgyýetiň we döwletiň syýasy ulgamynyň ähli düzüm bölekleriniň kanunylyk düzgünini goldamaga we berkitmäge işjeň gatnaşmaklaryndan ybaratdyr. Türkmenistanyň raýatlarynyň jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga gös-göni, şeýle-de erkin saýlanan wekilleriniň üsti bilen gatnaşmaga hukugy bardyr. Ýurdumyzyň raýatlarynyň döwlet häkimiýet edaralaryna we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna saýlamaga we saýlanmaga hukugy bardyr.

Medeni kepillikleriň üpjün edilmegi döwlet edaralarynyň we guramalarynyň, olaryň wezipeli şahslarynyň, şeýle hem ýurduň tutuş ilatynyň umumy syýasy we hukuk medeniýetiniň derejesi bilen kesgitlenilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, her bir adamyň medeni durmuşa gatnaşmaga, çeper, ylmy we tehniki döredijiligiň erkinligine hukugy bardyr. Adamyň ylmy, tehniki döredijilikde, şeýle hem çeperçilik, edebiýat we medeniýet işinde awtorlyk hukuklary hem-de bähbitleri kanun bilen goralýar. Döwlet ylmyň, medeniýetiň, sungatyň, halk döredijiliginiň, sportuň we syýahatçylygyň ösmegine ýardam edýär.

Aňyýet kepillikleriniň üpjün edilmegi esasynda ýurdumyzda her bir adam özüniň dine garaýşyny özbaşdak kesgitleýär, onuň ýeke özi ýa-da beýleki adamlar bilen bilelikde islän dinine uýmaga ýa-da hiç bir dine uýmazlyga, dine bolan garaýyşlary bilen baglanyşykly ynam-ygtykatlaryny beýan etmäge we ýaýratmaga, dini däpler berjaý edilende gatnaşmaga haklydyr.

Maglumat kepillikleriniň  ykrar edilmegi demokratik, hukuk döwletleri üçin esasy ähmiýet berilýän ýagdaýlardyr. Esasy Kanunymyza laýyklykda kadalaşdyryjy hukuk namalary kanunda göz öňüne tutulan tertipde döwlet köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilýär ýa-da gaýry usul bilen hemmeleriň dykgatyna ýetirilýär. Adamyň we raýatyň hukuklaryna we azatlyklaryna täsir edýän kadalaşdyryjy hukuk namalary hemmeleriň dykgatyna ýetirilmese, olar kabul edilen pursadyndan hereket etmeýärler.

Ýurdumyzda döwleti öwreniş we Türkmenistanyň kanunçylygy babatda düýpli hem-de amaly barlaglary, şeýle hem türkmen döwletini we jemgyýetini demokratiýalaşdyrmak işlerini ylmy taýdan esaslandyrmagy üpjün etmek boýunça seljermeleri geçirmegi esasy ugur edýän Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň hereket etmegi,  Adam hukuklary ygtyýarly pudagara toparynyň döredilmegi, wekiliň saýlanylmagy, kanunçykaryjy häkimiýetiň iki palataly ulgama geçirilmegi munuň özi ýurdumyzda adamyň we raýatyň hukuklarynyň azatlyklarynyň kepillendirilmegini üpjün etmäge gönükdirilen işlerdir.

 Ýörite-hukuk kepillikleri jemgyýetçilik ösüşiniň aýratynlyklaryna we ylmy ündewlere esaslanýan netijeli kanunçylygy döretmek arkaly, şonuň ýaly-da kanunylygyň bozulmagynyň öňüni almak we şeýle hadysalary ýok etmek üçin ýörite döredilen döwlet edaralarynyň işiniň netijesinde üpjün edilýär. Netijeli kanunçylygy döretmek – kadalaşdyryş-hukuk kepilliklerine, hukuk goraýjy edaralaryň işi bolsa – guramaçylyk-hukuk kepilliklerine degişlidir.

Hormatly Prezidentimiziň häzirki döwürde öňe sürýän döwlet syýasatyndan ugur alnyp, ýurdumyzda hereket edýän hukuk goraýjy edaralarynyň işiniň esasy ugry adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň dabaralanmagyny gazanmaga gönükdirilendir. Beýleki hukuk goraýjy edaralar bilen bir hatarda prokuratura edaralarynyň hem kanun arkaly kesgitlenilen anyk wezipeleri bardyr. “Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 3-nji maddasyna laýyklykda  prokuraturanyň Türkmenistanyň kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň namalarynyň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň kararlarynyň takyk we birmeňzeş berjaý edilişine, şeýle-de Türkmenistanyň kanunlarynyň talaplaryna laýyklykda kabul edilen beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmeginiň maksady kanunyň ähli zatdan ýokary tutulmagyny üpjün etmekden we kanunylygy pugtalandyrmakdan ybarat bolup, raýatlaryň durmuş-ykdysady, syýasy, gaýry hukuklaryny we azatlyklaryny goramak ilkinji nobatda goýulýar.

Prokuratura işgärleri öz işini amala aşyranlarynda raýatlaryň haýsy millete degişlidigine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlara garamazdan raýatyň kanunyň öňündäki döwlet tarapyndan kepillendirilen hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagyny üpjün edýärler. Raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň çäklendirilmegine diňe kanunda göz öňünde tutulan esaslarda we tertipde ýol berilýär. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlardan başga ýagdaýlarda raýatyň şahsy durmuşyna degişli we onuň namysyny, mertebesini kemsidýän ýa-da onuň hukuklaryna we kanuny bähbitlerine zyýan ýetirip biljek maglumatlaryň aýan edilmegine ýol berilmeýär.  Prokuratura işgärleri jenaýat işleri boýunça tutulyp saklanan we ätiýaçsyzlandyryş çäresi ulanylan adamlara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde özlerini goramaga bolan kanuny hukuklaryny amala aşyrmaga mümkinçilik döredýärler. Özi babatda barlag ýa-da derňew geçirilen adamlar barlagyň ýa-da derňewiň netijesi bilen tanyşmaga, hukuklarynyň we azatlyklarynyň çäklendirilmeginiň sebäplerini bilmäge we maglumat almaga hukuklydyrlar. Prokuratura işgäriniň hereketleri bilen özüniň hukuklary, azatlyklary we kanuny bähbitleri kemsidilen hasap edýän adam bu barada ýokarda durýan prokurora şikaýat etmäge hukuklydyr.

Şeýlelik-de, häzirki döwürde ýurdumyzda durmuşa geçirilýän adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň aşakdaky aýratynlyklar ýüze çykýar.

Birinjiden, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz Esasy Kanunynda berkidilen hukuk döwletine mahsus bolan ýörelgelere pugta eýerýär we bu ugurda nusgalyk syýasaty ýöredýär; ikinjiden, Hormatly Prezidentimiziň öňe süren «Döwlet adam üçindir» diýen baş şygarynyň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary diňe bir kanun arkaly berkidilmegi bilen birlikde, döwlet derejesinde kabul edilýän Milli Maksatnamalar arkaly durmuşa geçirilýär.

 

Nurjemal Baýramowa

Türkmenistanyň Baş prokuraturasy

 

EDEBIÝAT

1.Nuryýew Ý., Ataýew S., Çaryýewa A. Döwletiň we hukugyň nazaryýeti. - Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2011.

2.«Türkmenistanyň raýatlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny //Türkmenistanyň Mejlisiniň maglumatlary, 2013 ý., № 2, 41-nji madda)  (Türkmenistanyň 20.10.2018 ý. № 80-VI Kanuny esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

3.Türkmenistanyň Konstitusiýasy. (rejelenen görnüşi) (09.10.2017ý. № 617-V, 25.09.2020ý. №297-VI Türkmenistanyň Konstitusion   kanunlary esasynda girizilen goşmaçalar we üýtgetmeler bilen ) //  – Aşgabat:Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2020.

4.“Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny (rejelenen görnüşi) // (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 4, 139-njy madda) (Türkmenistanyň 20.03.2017 ý. № 525-V, 09.06.2018 ý. № 37-VI, 20.10.2018 ý. № 80-VI we 14.03.2020 ý. № 234-VI, Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)