20.11.2021
Ösüşlere beslenýän zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda başy başlanýan tutumly işleriň, il-ýurt bähbitli başlangyçlaryň guwandyryjy netijeleri halkymyzyň göwün guşuny göge göterýär. Döwlet Baştutanymyzyň 2019-njy ýylyň 11-nji ýanwaryndaky Kararyna laýyklykda, 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berlen, uzynlygy 600 kilometre barabar bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň ulanylmaga berilmegi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy toýlanylan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň baýramçylyk ruhuny has-da beýgelden waka boldy.
Ýurdumyzyň çäginden daşalýan ýükleriň möçberini ep-esli artdyrmaga we gatnawlary çaltlandyrmaga amatly şert döretjek bu desga diňe bir ýol-ulag ulgamynda ilatymyzyň gatnaw şertlerini gowulandyrmak bilen çäklenmän, ykdysady nukdaýnazardan hem ähmiýetlidir. Ýoluň işe girizilmegi bilen Özbegistan bilen ulag ulgamyndaky gatnaşyklarda hem uly mümkinçilikleriň açylmagy, goňşy döwletler bilen ysnyşykly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze başlangyçlara ýol açar.
Bilşimiz ýaly, şu ýyl Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Rezolýusiýa kabul edildi. Häzirki döwürde halkara hyzmatdaşlygynda barha pajarlaýan ulag diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini bütindünýä howpuna garşy göreşmekde netijeli ugra öwürmek bilen, milli Liderimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň döwlet syýasatynda iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini ýene-de bir gezek subut etdi.
Türkmen telekeçileri tarapyndan gurlan «Aşgabat — Türkmenabat» awtomobil ýolunyň «Aşgabat — Tejen» bölegi bäsdeşlige ukyply türkmen işewürleriniň kemala gelendiginiň subutnamasyna öwrüldi. Şeýlelikde, bu ýol ýurdumyzyň logistika ulgamyny, işewürligi hem-de türkmen döwletiniň tutuş halkara gatnaşyklar ulgamyny diwersifikasiýalaşdyrmak bilen bagly wezipeleri çözmekde uly ähmiýete eýedir.
Türkmen halkyny abadan ertirlere ýetirjek, maksatlary myrada gowşurjak nurana ýollary gurdurýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman, il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowaç bolsun!
Muhammet BAÝMYRADOW, Ak bugdaý etrabynyň prokurorynyň uly kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.