22.11.2021
Adam hakyndaky alada, onuň hemmetaraplaýyn durmuş goraglylygyny üpjün etmek häzirki döwürde ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen döwlet syýasatynyň uly ähmiýet berilýän we bir pursat hem ünsden düşürilmeýän ugurlarydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 5-nji maddasyna laýyklykda «Türkmenistan her bir adamyň durmuş goraglylygyny kepillendirýän döwletdir.» Ýurdumyzda ene göwresindäki çagadan başlap, ýaş çagaly aýallar, köp çagaly maşgalalar, ata-enesiniň hossarlygyndan galan çagalar, maýyplygy bolan adamlar, eklenjini ýitirenler, gartaşan adamlar we halk köpçüliginiň beýleki birnäçe gatlaklary döwletiň durmuş goraglylygyndan peýdalanýarlar. Özem bu goraglylyk kanunçylyk esaslary bilen pugta berkidilip, kabul edilýän ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirlen maksatnamalarda we olary ýerine ýetirmegiň meýilnamalarynda göz öňünde tutulýar. Ilatyň ýaşaýşynyň hilini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, durmuş syýasatyny, aýratyn hem, ykdysady, durmuş we medeni hukuklary babatda syýasaty mundan beýläk hem ösdürmek Hormatly Prezidentimiziň karary bilen tassyklanylan Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynda hem bellenilmegi bu ugurda adam hukuklarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegini gazanmakda möhüm ädimdir.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynda maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwletiň goragynda durýandygy, raýatlaryň ýaşy boýunça, näsaglan, maýyp bolan, işe ukyplylygyny ýititen, işsiz bolan halatynda we gaýry kanuny esaslar boýunça durmuş üpjünçiligine hukugynyň bardygy, ýaş maşgalalara, köp çagaly maşgalalara, ata-enesinden mahrum bolan çagalara, weteranlara we döwletiň ýa-da jemgyýetiň bähbitlerini goramakda saglygyny ýitiren adamlara döwlet we jemgyýetçilik serişdelerinden goşmaça goldaw we ýeňillikler berilýändigi baradaky kadalar berkidilen. Raýatlaryň durmuş üpjünçiligine bolan konstitusion hukuklary Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksi we beýleki kanunlar bilen kadalaşdyrylýar. Ýurdumyzda bu ugra gönükdirilen hukuk namalaryň hereket etmegi we yzygiderli kämilleşdirilmegi döwletimiziň raýatlarynyň Esasy Kanunymyzda berkidilen durmuş üpjünçiligine bolan hukuklaryny durmuşa geçirmekligiň möhüm hukuk kepili hökmünde çykyş edýär. Şu ýerde ýene-de bir bellemeli zat, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi-de çaga hem maşgala hakda döwletiň uçursyz köp alada edýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Milli Liderimiziň şu ýylyň 8-nji oktýabrynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen «Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda» Permana gol çekmegi ýurdumyzda raýatlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirlen maksatnamalaryň öz wagtynda durmuşa geçirilýändigini we bu ugurda alnyp barylýan işleriň üznüksiz we yzygiderli häsiýete eýedigini ýene-de bir gezek görkezdi. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýylyň ýylyna kabul edilýän we halkymyz tarapyndan çuňňur hoşallyk duýgusy bilen kabul edilip, seslenme tapýan bu döwletli Permanyň ynsanperwerlige gönükdirlen döwlet syýasatynyň miweleri bolup durýandygyny bellemek möhümdir.
Ýurdumyzda jemgyýetiň esasy düzüm birligi, binýady bolan maşgalanyň hemmetaraplaýyn goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirlen işleriň durmuşa geçirilmegi, eneligi, atalygy we çagalygy goramagyň döwlet kepillikleriniň bellenilmegi, maşgalanyň ykdysady taýdan özbaşdaklygynyň we onuň ähli agzalarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy üçin şertleriň döredilmegi Türkmenistanyň maşgala kanunçylygynyň maksady bolmagy çagalaryň esasy terbiýe alýan we şahsyýet hökmünde kemala gelmeginde esasy orny eýeleýän maşgalanyň goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirlendir. Bu ugurda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň barşynda milli ýörelgere pugta eýerilip, köp çagaly maşgalalaryň durmuş goldawyna aýratyn ähmiýet berilmegi pederlerimizden miras galan däp-dessurlarynyň mundan beýläk-de täze öwüşginler bilen pajarlamagyna giň ýol açar. Häzirki wagtda Milli Liderimiziň ynsanperwer başlangyçlary bilen ýurdumyzda işleýän döwründe umumy kesellemäniň, zähmet şikesiniň, hünär keseli bilen näsaglamagyň netijesinde zähmete ukyplylygyny wagtlaýyn ýitiren adamlara wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça, aýallara göwrelilik we çaga dogurmak boýunça, şeýle-de çaga doglanda berilýän, çaga seretmek boýunça, maýyplyk boýunça, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanyň ýanýoldaşyna bellenilýän, pensiýa hukugy bolmadyk, 62 ýaşy dolan erkek adamlara we 57 ýaşy dolan aýal maşgalalara döwlet durmuş kömek pullary berilýär. Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine laýyklykda, çaga doglanda berilýän döwlet kömek pulunyň möçberi hasaplanylanda we bellenilende üçünji çagadan başlap, dördünji we şondan soňky çagalar üçin tölenýän puluň göteriminiň artdyrylmagy köp çagaly maşgalalaryň durmuş goldawyny üpjün etmäge gönükdirlendir.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde «Biz «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygarymyza esaslanyp, köp çagaly maşgalalaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, olara goldaw bermek we höweslendirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmelidiris. Bu işleri kanunçylyk esasynda berkitmelidiris. Şoňa görä-de, köp çagaly maşgalalara ýeňillikleri bermegi göz öňünde tutýan ilatyň durmuş taýdan goraglylygy hakyndaky kanunçylyga degişli üýtgetmeleri girizmek zerur bolup durýar.» diýip bellemek bilen, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan eneleriniň pensiýalarynyň, çaga ideg etmek boýunça döwlet kömek pullarynyň, durmuş kömek pullarynyň möçberlerini artdyrmak, şeýle hem sekiz we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren eneleriň has ir pensiýa çykmagy bilen baglanyşykly degişli kanunlara täze kadalary girizmegi maksadalaýyk hasaplap, şeýle hem çaganyň doglandygy üçin döwlet kömek pullarynyň möçberlerine täzeden seretmegi, bäş we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren zenanlara berilýän döwlet kömek pullarynyň möçberiniň artyrylmagyny teklip etdi. Raýatlar tarapyndan giň goldaw we seslenme tapan bu başlangyjyň durmuşa geçirilmegi bilen berkarar döwletimizde mundan beýläk-de, maşgalalaryň, onda-da köp çagaly maşgalalaryň döwlet goldawy yzygiderli ýokarlanar, köp çagaly eneleriň durmuş şertleri has-da gowulanar.
Nurjemal Baýramowa Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň Hukuk üpjünçiligi bölüminiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji 2-nji derejeli ýurist.