ŞYGRYÝET DÜNÝÄSINIŇ ŞAMÇYRAGY

24.11.2021

Türkmen halkynyň asylly ýörelgeleriniň biri-de özüniň ägirtlerini, beýik şahsyýetlerini sarpalamak, olaryň hatyrasyny belent tutmakdyr. Bu ýörelgä hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde aýratyn ähmiýet berilýär.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Karara gol çekilmegi, hakykatdan-da, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşynyň, asuda we agzybir durmuşynyň dabaralanmasydyr. Mähriban halkymyz Magtymguly Pyragynyň ýubileý baýramçylygyny bellemäge şu günlerden uly taýýarlyk görýär.

Akyldar şahyr «Türkmen binasy» atly goşgusynda:

Gurdugym, aslynda, bilgil, bu Zeminiň myhydyr,

Erer ol erkin mydam, budur ki türkmen binasy —

diýip, türkmen halkyny agzybirlige çagyrýar. Bu setirler türkmen halkynyň erkin, özbaşdak döwleti isländiginiň özboluşly suratlandyrmasy bolup, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gadyr-gymmatyny has-da şöhratlandyrýar.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Magtymguly ynsan kalbynyň ruhy lukmanydyr» diýip belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragy biziň ähli döwrümiziň şahyry. Şol nukdaýnazardan hem biz akyldar şahyryň Watan we onuň tebigaty, maşgala gymmatlyklary bilen bagly dürdäne setirlerini okap, öwrenip, ondan ugur alyp ýaşamaly we halal zähmet çekmeli.

Goý, milli medeniýetimizi, beýik şahsyýetlerimizi sarpalaýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowaç bolsun!

 

Sähragül AŞYROWA, Balkan welaýat prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisi, ýustisiýanyň geňeşçisi.

Çeşme: Adalat gazeti - 19.11.2021ý