02.12.2021
— Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan wezipe borçlaryna ygrarly Türkmenistanyň ynsanperwerlik ýörelgeleri umumadamzat derejeli gymmatlyklara beslenendir. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň 18-nji noýabrda Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumda sanly ulgam arkaly çykyş etmegi hem tassyklaýar.
Milli Liderimiz öz çykyşynda ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine kybap gelýän sebit we dünýä derejesindäki netijeli gatnaşyklary ösdürmek meselelerinde Bitarap Türkmenistanyň işjeň hem-de oňyn başlangyçlar ýörelgesini tassyklady. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça halkara tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen netijeli garaýyşlary we başlangyçlary goldaýandygyny aýdyp, Ýewraziýa kontinentinde durnukly ösüşiň maksatnamalaryny hem-de strategiýalaryny emele getirmekde we amala aşyrmakda köp meňzeşligiň bardygyny kanagatlanma bilen belledi.
Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da belende galdyrmakda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
Kakajan AGABAÝEW, Ahal welaýat prokuraturasynyň baş derňew bölüminiň prokurory, 2-nji derejeli ýurist.