WATANA SÖÝGI — BAŞ ŞYGARYMYZ

03.12.2021

Halkymyz üç mukaddeslige aýratyn sarpa goýýar. Olar ynanç-iman, ata-ene we Watan. Bulary ähli gowy we beýik zatlara deňeýärler, emma hiç bir zady bular bilen deňeşdirjek bolmaýarlar. Türkmeniň ýürek örki diňe öz Watanynda. Watan diýlende biziň gözümiziň öňünde türkmen sähralary, dag-gerişleri, bäş welaýaty daşyna üýşürip oturan Garagum sähralygy we gün-günden gülleýän, gül açýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri emele gelýär. Watan düşünjesi — mukaddes düşünje. Watanyňy janyňdan eziz görmek, onuň her daban ýerini gözüň göreji ýaly aýap saklamak her bir ynsanyň borjy hasaplanýar. Islendik ynsanyň kalbynyň töründe Watana bolan belent we mukaddes söýgi bolýar. Sen nirede bolsaň-da, ýüregiň şol mukaddesligi küýseýär.

Bu gün Garaşsyz türkmen döwleti Watana wepaly, ynama ygrarly perzentler tarapyndan mäkäm goralýar. Milletiň ruhy we beden sagdynlygyna, nesillerimiziň belent watançylyk ruhunda ýetişmeklerine aýratyn üns berýän milli Liderimiz türkmen esgerleriniň elmydama Watanyň gullugynda, beden we ruhy taýdan sagdyn bolmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Hormatly Prezidentimiziň bu tagallasy ata-baba watançylyk mekdebiniň — atabegler mekdebiniň täze döwre laýyk, zamanabap gaýtadan dikeldilmegini aňladýar. Bu bolsa taryhyň bize mälim döwürlerinden şu güne çenli şöhrata ýugrulyp gelen türkmen merdanalygynyň indiki müňýyllyklarda hem dowam etjekdiginiň nyşanydyr. Zamanalar özgerýär. Adamlaryň aň-düşünjesi barha ösýär. Ýöne ähli döwürlerde hem Watanyň, halkyň goragynda bolmak üçin beden we ruhy sagdynlyk howa ýaly zerurdyr. Watany goramak mukaddes borçdur. Bu topragyň perzentleri Watandan ýokarda gaýry bir mukaddesligiň ýokdugyna anyk düşünýär. Bu gün olar gije-gündiz gözlerini gyrpman, Watany ýüregiňdäki söýgi bilen beýgeldýärler. Hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň ählisi tutuş halkyň, milletiň asudalygynyň, sagdynlygynyň kepili bolup hyzmat etjek beýik tutumlardyr.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, ýurdumyzyň prokuratura edaralary hem hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri bilen bilelikde, ýurdumyzda ýaşlaryň hukuk düşünjeliligini ýokarlandyrmaga, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge gönükdirilen wagyz-nesihat işlerini yzygiderli geçirýärler. Şol wagyz-nesihat çärelerinde hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr», «Bitarap Türkmenistan», «Mertler Watany beýgeldýär», «Watan goragy mukaddesdir», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly dürdäne eserleriniň many-mazmuny ýaşlara düşündirilýär. Çünki ilhalar, watansöýüji nesilleriň kemala gelmegi, ösüşlere beslenýän berkarar döwletimiziň ýagty geljegini kesgitleýär.

Goý, ýaşlaryň watanperwer, merdana nesiller bolup ýetişmekleri üçin tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

 

Aýbölek NURSÄHEDOWA, Aşgabat şäheriniň prokuraturasynyň baş derňew bölüminiň uly prokurory, 2-nji derejeli ýurist.