AGZYBIRLIGIŇ MEKANY

06.12.2021

Watana bolan söýgi iň beýik we iň kämil söýgüdir. Bu hakykat taryhyň bäş müň ýyldan hem gowrak menzilini geçen halkymyzyň milli häsiýetine öwrülipdir. Watanyny söýen, sarpalan gerçekler il-gün tarapyndan örän ýokary derejede hormatlanylypdyr.

Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygary ýurt taglymatyna öwrülip, ynsan mertebesini dabaralandyrýar. Bu ajaýyp taglymat ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň we beýleki kanunçylyk namalarynyň ýörelgesine öwrülendir. Berkarar ýurdumyzda kanunlar hökmürowandyr. Hukuk döwletimizde ýaşaýan raýatlaryň azatlygy we erkinligi kanunlar esasynda goralýandyr.

Hut şonuň üçin hem hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Watan goragy mukaddesdir» atly kitabyndaky: «Häzirki döwürde ýurdumyzyň prokuratura edaralarynyň işgärleriniň öňünde belent we örän jogapkärli wezipeler durýar. Olaryň öz öňlerinde goýlan belent wezipeleri birkemsiz ýerine ýetirip, döwletimiziň hukuk binýadyny pugtalandyrmak, kanunçylygy kämilleşdirmek, raýatlarymyzyň hukuk taýdan düşünjeliligini ýokarlandyrmak boýunça geljekde hem has netijeli işleri alyp barjakdyklaryna, harby we hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde berkarar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, döwlet we jemgyýetçilik gurluşyny, mähriban halkymyzyň abadan, asuda we bagtyýar durmuşyny goramakda yhlas bilen tutanýerli işlejekdiklerine berk ynanýaryn» diýen sözleri biziň üçin hemişelik ýörelgedir.

Kalbymyzyň töründen çogup çykýan egsilmez söýgi bilen apalanýan, Watan mertebesini dabaralandyrýan ajaýyp eserleriňiz üçin sag boluň, Gahryman Arkadagymyz!

 

Muhammet AŞYRALYÝEW, Ahal welaýat prokuraturasynyň baş derňew bölüminiň prokurory, 2-nji derejeli ýurist.