07.12.2021
— «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň ekologiýa kanunçylygy düýpli kämilleşdirildi. Oňa mysal edip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna, şeýle hem Türkmenistanyň beýleki käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly kanunlara seredilip, olar boýunça degişli kararlaryň kabul edilendigini görkezmek bolar.
Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, ilatyň ýaşaýşy üçin arassa, sagdyn we amatly daşky gurşawy döretmek boýunça asylly syýasaty durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!
Berdinazar HUDAÝNAZAROW, Ruhubelent etrap prokuraturasynyň sülçüsi, 3-nji derejeli ýurist.