SAGDYNLYGYŇ MEKANY

09.12.2021

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän jemgyýeti kemala getirmek, möwsümleýin keselleriň öňüni almak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Sagdyn durmuş ýörelgelerini we sanitariýa-arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişini ilata düşündirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň, etrabyň bilim bölüminiň, hassahanasynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda 17-nji orta mekdebiň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda «Türkmenistan — sagdynlygyň mekany» atly şygar bilen düşündiriş ähmiýetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler okuwçylara saglygy goramaga degişli birnäçe maslahatlary berdiler. Häzirki wagtda howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy sebäpli döräp biläýjek keselleriň öňüni almak maksady bilen, agyz-burun örtüklerini hökmany ulanmagyň, şahsy gigiýenanyň düzgünlerini berjaý etmegiň, sport maşklaryny ýerine ýetirmegiň we saglyga peýdaly gök önümleri iýmegiň wajypdygyny aýratyn bellediler.

Şeýle-de ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän jemgyýeti kemala getirmek, raýatlaryň berk bedenli we sagdyn ruhly bolup ýetişmekleriugrunda uly tagallalar edýän hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.

 

Parahat ŞAMURADOW, Babadaýhan etrabynyň prokurorynyň uly kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.