14.12.2021
— Türkmeniň täze eýýamynyň milli senenamasynda halkymyzyň hakydasynda müdimilik orun alan iki sany şöhratly hem buýsançly sene bar. Olaryň birinjisi, 1991-nji ýylyň güýzünde türkmen halkymyzyň berkarar döwletli bolup, ýurt Garaşsyzlygyny gazanan güni, ikinjisi bolsa, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan günüdir. Ýurdumyz dünýäde hemişelik Bitaraplyk derejesi iki gezek ykrar edilen ýeke-täk döwletdir.
Gojaman Jeýhun derýasy bilen bahry-Hazar aralygynda ýerleşýän ýurdumyzyň geosyýasy taýdan amatly ýagdaýda, ýagny Aziýa bilen Ýewropa yklymynyň çatrygynda ýerleşmegi döwletimiziň Gündogar bilen Günbatar arasynda, şonuň ýaly-da Merkezi Aziýa sebitinde oňyn parahatsöýüjilik syýasatyny alyp barmagyna giň mümkinçilikleri döredýär.
Türkmen Bitaraplygy pähimdar pederlerimiziň gadymyýetden gözbaş alýan milli däp-dessurlarynyň we ynsanperwer ýörelgeleriniň dowamy bolup, taryhda şöhratly sahypany açdy. Ata Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, umumadamzat bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
Magtymguly ÇERREÝEW, Gubadag etrabynyň prokurory, 1-nji derejeli ýurist.