DÖWRE BUÝSANÇ – ZÄHMETE HYJUW

17.12.2021

— Milli mirasymyzy gaýtadan dikeltmek, çuňňur öwrenmek we ony ösen zamanamyzyň döwrebap öwüşginleri bilen baýlaşdyrmak Gahryman Arkadagymyzyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Hormatly Belent
Serkerdebaşymyzyň  2-nji dekabrda geçiren    Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi hem muny doly aýan etdi. Mejlisde milli Liderimize  Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow assosiasiýanyň işi hem-de ýurdumyzda itşynaslygy ösdürmek boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.

Ýeri gelende bellesek, türkmen alabaýlaryny serhet goşunlarynda, döwlet we aýratyn desgalary goramakda, gümrük hem-de migrasiýa nokatlarynda işjeň ulanmak ýola goýuldy. Munuň özi Milli goşunymyzyň söweşjeň ruhuny göterýän milli öwüşgindir.

Taýsyz tagallalary bilen Milli goşunymyzyň watançylyk ruhuny belende göterýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak, işleri hemişe  rowaç bolsun!

 

Saparmyrat KUJUKBAÝEW, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap prokurorynyň uly kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist