22.12.2021
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ösüşleriň ýolunda bedew bady bilen öňe barýar. Döwrüň ösmegi bilen täze jemgyýetçilik gatnaşyklary ýüze çykýar. Islendik ugurda tutumly işler amala aşyrylanda onuň kadalaşdyryjy esaslarynyň bolmagy anyk netijeleri kepillendirýär. Şu jähetden, ýurdumyzda täze kanunlar kabul edilip, hereket edýän kanunlar yzygiderli kämilleşdirilýär.
Şeýle kanunlaryň biri hem 2021-nji ýylyň 13-nji noýabrynda kabul edilen «Poçta aragatnaşygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunydyr. Kanun poçta aragatnaşygy çygryndaky işiň hukuk esasyny belleýär, şeýle hem poçta aragatnaşygynyň operatorlarynyň hem-de poçta aragatnaşygynyň hyzmatlaryndan peýdalanyjylaryň hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýär.
Her bir hereket edýän kanunyň döwür bilen aýakdaş bolmalydygyndan ugur alnyp, häzirki döwürde sanly ulgamyň durmuşymyza giňden ornaşmagy bilen baglanyşykly Kanuna «elektron habar», «gibrid ugratmasy» diýen düşünjeleriň girizilmegi onuň döwrebaplygyny görkezýär. Ýagny, Kanunyň talaplaryna laýyklykda, elektron habar — bu telekommunikasiýa ulgamyny, internet toruny ýa-da elektron göterijini ulanmak arkaly elektron görnüşde iberilýän maglumatdyr. Gibrid ugratmasy — bu poçta aragatnaşygynyň operatory tarapyndan elektron görnüşinde kabul edilen we alyja ýazmaça hat-habar görnüşinde eltip berilýän ýa-da poçta aragatnaşygynyň operatory tarapyndan ýazmaça hat-habar görnüşinde kabul edilen we elektron habar görnüşinde alyja eltip berilýän ugratmadyr.
Operator tarapyndan gibrid ugratmalaryny ibermek boýunça hyzmatlar ugratmany başlangyç tapgyrda maglumat ulgamlaryny, internet serişdelerini we beýleki elektron göterijileri ulanmak arkaly elektron habar görnüşinde ibermek, indiki tapgyrda hat görnüşinde eltip bermek ýa-da başlangyç tapgyrda hat görnüşinde ibermek, indiki tapgyrda elektron habar görnüşinde maglumat ulgamlarynyň, internet serişdeleriniň üsti bilen elektron poçtasyna ibermek arkaly amala aşyrylýar. Iberijilerden elektron habarlary kabul etmek ýa-da eltip bermek, şertnama esasynda operatoryň maglumat ulgamy bilen birleşdirilen, ulanylýan maglumat ulgamlaryndan maglumatlary geçirmek arkaly amala aşyrylýar. Elektron habarlary kabul etmek ýa-da eltip bermek maksady bilen, operatorlar öz maglumat ulgamlaryny we telekommunikasiýa torlaryny ýa-da degişli şertnama esasynda üçünji taraplaryň maglumat ulgamlaryny we telekommunikasiýa torlaryny ulanýarlar.
Ýurdumyzyň hukuk ulgamyny kämilleşdirmäge badalga berýän Gahryman Arkadagymyza halkymyzyň alkyşlary çäksizdir.
Oguljennet BAÝRAMOWA, Ak bugdaý etrabynyň prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi.