DÖWRE BUÝSANÇ – ZÄHMETE HYJUW

23.12.2021

— Ýakynda Türkmenbaşy şäherinde ähli amatlyklary bolan, täze enjamlar bilen üpjün edilen 100 orunlyk Ýokanç keseller hassahanasynyň, şeýle-de Magtymguly etrabynda köpugurly 50 orunlyk hassahananyň we 30 orunlyk saglyk öýüniň açylyp, ulanylmaga berilmegi bilen Balkan welaýatynyň saglygy goraýyş edaralarynyň düzüminiň üsti ýetirildi.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň welaýatlarda, şäherdir etraplarda we obalarda döwrebap desgalaryň düzümini döretmek bilen bagly alyp barýan tutumly işleri prokuratura edaralarynyň öňünde örän jogapkärçilikli wezipäni goýdy. Çünki olar her bir binadyr desgalaryň döwrebap hem-de öz wagtynda gurulmagyna gözegçilik etmekde öz tagallalaryny gaýgyrmaýarlar. Sebäbi, bu mesele kanunçylygyň goragynda durýan, ýurdumyzyň hukuk tertibini pugtalandyrmaga işjeň gatnaşýan, raýatlaryň hukuklaryny we döwletiň kanuny bähbitlerini goraýan prokuratura edaralarynyň möhüm wezipesi bolup durýar.

Eziz Watanymyzy gülledip ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda taýsyz tagallalar edýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowaç bolsun!

 

Sähragül AŞYROWA, Balkan welaýatynyň prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisi, ýustisiýanyň geňeşçisi.