25.12.2021
— Demokratik, hukuk we dünýewi döwlet hökmünde ykrar edilen Türkmenistan halkara hukugynyň ýörelgelerine eýermek bilen, milli gymmatlyklarymyza esaslanýan hukuk ulgamyny kemala getirdi. Biz bu gün Esasy Kanunymyzyň kadalarynda türkmen halkynyň bäş müňýyllyk taryhyndan gözbaş alyp gaýdýan milli däp-dessurlaryny, adatlaryny we durmuş ýörelgelerini özünde jemleýän demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň häzirki zaman nusgasynyň öz beýanyny tapandygynyň şaýady bolýarys.
Türkmenistan adamyň esasy hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek we goramak boýunça umumy ykrar edilen halkara resminamalaryny berjaý edýär we bu ugurdaky borçnamalary yzygiderli ýerine ýetirýär. Umumadamzat gymmatlyklary we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri milli kanunçylygymyzda ileri tutulýar we ýurdumyz adam hukuklaryny goramak çygrynda halkara hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşýar.
Hormatly Prezidentimiziň milli mirasymyzy sarpalaýan, depginli ösüşleri nazarlaýan ynsanperwer syýasatynda uly üstünlikler we rowaçlyklar arzuw edýäris.
Sähragül AKMYRADOWA, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi.