DÖWRE BUÝSANÇ – ZÄHMETE HYJUW

27.12.2021

— Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýylyň 2-nji dekabrynda geçirilen mejlisinde hormatly Belent Serkerdebaşymyz Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, olaryň oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, maldarçylyk, guşçulyk we balykçylyk bilen meşgullanmak arkaly kömekçi hojalyklarynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen «Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetini döretmek hakynda» Karara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 18-nji martynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň kömekçi hojalyklarynyň ýagdaýy bilen tanyşlygynyň barşynda olaryň topraga bolan yhlasyny, söýgüsini artdyrmak meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekip, bu işleriň degişli derejede kämilleşdirilmelidigine hemmetaraplaýyn we örän jogapkärli çemeleşilmelidigini belledi. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň agzalan Karara gol çekmegi bolsa, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň bu ugurda degişli işleri geçirmegi üçin döredilen şert we giň mümkinçilik bolup durýar.

Goý, şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän döwlet Baştutanymyzyň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun!

 

Mekan HOJAMOW, Berkararlyk etrabynyň prokurorynyň uly kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.