29.12.2021
Küştdepdi halkymyzyň gadymdan gelýän milli sungatynyň özboluşly nusgasydyr. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen milli sungatymyz bolan «Küştdepdi» ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu baradaky çözgüt 2017-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Çeju şäherinde (Koreýa Respublikasy) geçirilen Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça hökümetara komitetiniň 12-nji mejlisinde biragyzdan kabul edildi. Bu çözgüt umumadamzat medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan türkmen halkynyň milli medeniýetiniň ägirt uly ähmiýetiniň ykrarnamasydyr.
«Küştdepdi» dessury ruhy we medeni gymmatlyklar esasynda nesilleriň arasyndaky arabaglanyşygy görkezýär. Ol özboluşly wokal aýdymyny we elleriň hereketlerini, aýaklaryň aýdymyň owazy bilen sazlaşygyny emele getirýär. Bu dessur milli baýramçylyklaryň möhüm bölegi bolmak bilen, halkyň ýagşy arzuwlaryny ýaýmagyň oňyn serişdesi hökmünde hyzmat edýär. Ol sungat äleminde tejribe toplan we aýdym aýtmagyň, joşgunly tans etmegiň ýokary derejesine ukyply sungat ussatlary tarapyndan ýerine ýetirilýär. Küştdepdi ýerine ýetirilişi taýdan özboluşly aýratynlyklara eýedir. Onuň gazallary, esasan, her setiri ýedi-sekiz bogunly bentlerden bolan rubagy goşgy düzüliş görnüşinde bolýar.
Küştdepdä başlamazdan öň, ýaş oglan-gyzlar halka gurap durýarlar. Şol wagt bir ýigit we gyz orta çykýar. Bu san toýuň gidişinde ýigitleriň we gyzlaryň köpçülikleýin gatnaşmaklary bilen has hem artyp biler. Şeýlelikde, küştdepdi aýdýanyň owazy bilen, ol küştdepdini ýerine ýetirýänleriň aýak tarpyldylary biri-biri bilen utgaşýar. Olar sazlaşykly heňde ýaňlanýar.
Küştdepdiniň «Üç depim» diýen görnüşi hem bar. Onda ýigitlerdir gyzlar döwre gurap aýlanýarlar. Ortada küşt depýänleriň aýak sesine goşup, küştdepdi bendini aýdýan öz heňini üç depim bilen sazlaşdyryp aýdýar. Küştdepdiniň bu görnüşini oglan-gyzlar bilelikde, iki, dört ýa-da alty bolup ýa-da oglanlar we gyzlar aýry bolup, ýerine ýetirip bilýärler.
Küştdepdileri ýaşuly adamlaryň ýerine ýetirýändiklerine hem duş gelmek bolýar. Küştdepdi bentlerinde, esasan, Watan, dostluk, söýgi, ýaşlaryň bagtly geljegi beýan edilýär. Küştdepdiler halk döredijiliginiň yzygiderli döreýän, köpelýän, täze many-mazmuna, öwüşgine eýe bolýan şahyrana görnüşidir.
Magtymguly Pyragynyň goşgularynda hem küştdepdi agzalyp geçilýär. Onuň:
Birniçesi ýaru-ýaran durdular,
Mejlisler uzandy, halka gurdular,
Nagralar çekdiler, semag urdular,
Sedalar düzüldi, jan-jana geldi —
diýen setirlerinde beýan edilýän hereketler küştdepdiniň doly keşbidir. Nagralar çekilmegi bu gazalçylaryň aýdym aýtmagy, şol aýdyma bir halka tegelenip, derwüşleriň küştdepdi tansyny edýändigini aýtsa bolar.
Küştdepdi milli toý aýdymy görnüşinde XIX asyryň ahyrlarynda döräp başlaýar. Bu döwürde derwüşçiligiň ýitişip, tansyň halkyň medeniýeti hökmünde toýlarda aýdylmagy onuň many-mazmunyny baýlaşdyrypdyr we beýleki milletleriň tanslaryna gabat gelmeýän üýtgeşik sungatyň kemala gelmegine getiripdir. Şeýlelikde, milli sungatymyz bolan «Küştdepdi» tansynyň dünýä medeniýetinde aýratyn ornunyň bardygyny onuň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girmegi hem aýdyň subut edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bolsa Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasy dünýä ýaýylýar.
Ýakup AŞYROW, Daşoguz welaýatynyň harby prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.