JAN WATANYM TÜRKMENISTAN!

31.12.2021

Haçan-da, söýgi kalbyňda ýandyryjy ataş ýaly güýçli, garly daglar ýaly elýetmez, Garagum sährasy ýaly uç-gyraksyz, däli deňizler ýaly ümmülmez bolanda, ony söz bilen beýan edip, göz bilen görüp bolmaýar. Şeýle beýik hem mukaddes söýgini diňe ýüregiň bilen duýup bolýar. Göbek ganyň daman mukaddes topragyna, Watanyna bolan söýgi-de her bir türkmen üçin şeýle keramatly, belent, taýsyz we beýanyna söz ýetmez, aňyrsyna göz ýetmez gudratly duýgudyr.

Gahryman Arkadagymyzyň ähli türkmen halkyna, ýaşlara atalyk pendi hökmünde sargan: «Ata Watanyň bähbitlerini ähli zatdan ileri tutýan mert, edermen, lebzi halal, gujur-gaýratly ogul-gyzlardygyňyzy, Oguz han Türkmeniň, Görogly beg Türkmeniň, Çagry beg Türkmeniň, Togrul beg Türkmeniň, Alp Arslan Türkmeniň, Soltan Sanjar Türkmeniň, Keýmir serdaryň mynasyp nesilleridigiňizi hiç wagt ýatdan çykarmaly dälsiňiz» diýen keramatly sözleri bolsa şu günki ýaşlar üçin ýörelge sözleri bolup durýar.

Taryhyň altyn sahypalarynda beýan edilişine görä, soltan Jelaleddin türkmen söweşip ýörkä agyr ýaralanypdyr, öňler dessine aýak üstüne galyp, sagalyp gidýän Jelaleddiniň tenine düşen tagma yzlarynyň bitmesi kyn bolupdyr. Tebipdir lukmanlar her dürli melhem ulansalar hem soltanyň derdine şypa tapylmandyr. Ahyry Jelaleddin Türkmeniň özi: «Maňa Horezmiň gumuny we Jeýhunyň suwuny getiriň. Watan topragy ähli derde derman, iň agyr ýara melhemdir» diýipdir. Aýdyşy ýaly, Watan topragyny ysgap, suwuny içenden soň, soltanyň ýagdaýy gowulaşyp, aýak üstüne galyp gidipdir. Halk rowaýatlarynyň aňyrsynda, elbetde, hakykat bolýar. Türkmenleriň has gadymy nesillerinde hem söweşe gidenlerinde öz ýanlary bilen obalaryndan bir gysym topragy ýörite dikilen haltajyga salyp, alyp gitmekleri hem ýöne ýerden bolmandyr. Sebäbi eneleriň hüwdüsi, atalaryň gany siňen Watan topragynyň öz gerçek perzentlerini gorajakdygyna, söweşlerde güýç-kuwwat bagyş etjekdigine bolan çäksiz ynançdan gözbaş alypdyr. 

Türkmeniň beýik şahsyýetleri barada aýdylýan gürrüňleriň, rowaýatdyr goşgularyň ählisiniň içinden watansöýüjiligiň belent nusgasy eriş-argaç bolup geçýär.

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen çawy dünýä ýaýrap, beýik ösüşlere beslenýän asuda Watanymyzyň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň her bir raýaty döretmegi, öz kärleri, işleri bilen Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmagy mukaddes borç edinýärler.

Hormatly Prezidentimiz biz ýaşlara uly ynam bilen: «Türkmen ýigidiniň we gyzynyň ýüregi elmydama «Jan Watanym Türkmenistan!» diýip urmalydyr» diýip, tutuş ömrümize çelgi boljak atalyk pendini wagyz etdi. Hakdan halatly milli Liderimiziň öňdengörüjilik bilen aýdan bu öwüdini ýörelge edinen türkmeniň her bir ogul-gyzynyň ylymda, bilimde, senagatda, ykdysadyýetde, şahsy durmuşynda, umuman, durmuşyň ähli ugurlarynda ýetmejek sepgidi, almajak galasy bolmaz. Sebäbi, Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy, uly ynamy bilen gaýratlanýan her bir türkmeniň gursagynda «Jan Watanym Türkmenistan!» diýen mukaddes, mizemez we baky söýgi ýaşaýar.

 

Bibigül ÝAGŞYMÄDOWA, Daşoguz şäher prokurorynyň kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.