Resmi habarlar

02.02.2021

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän,işde goýberen kemçilikleri üçin,Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Meredow Myratgeldi Resulowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Amanow Batyr Amangeldiýewiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, ýolbaşçylyk edýän Konserni boýunça geçen ýylda ýaramaz netijeleriň gazanylandygy üçin, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Baýgeldiýew Güýçgeldi Myradowiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, ýolbaşçylyk edýän Korporasiýasy boýunça geçen ýylda ýaramaz netijeleriň gazanylandygy üçin, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy Rozyýew Merdan Tejimowiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, ýolbaşçylyk edýän Toplumy boýunça geçen ýylda ýaramaz netijeleriň gazanylandygy üçin, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory Çişiýew Döwran Gurbangeldiýewiçe berk käýinç yglan edildi.