13.01.2022
Ýurdumyzda çagalaryň goraglylygy döwlet tarapyndan kepillendirilendir. «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda kesgitlenilişi ýaly, on sekiz ýaşyna ýetmedik adam çaga hökmünde ykrar edilip, belli bir hukuga eýe bolmak ukyby onuň doglan pursadyndan ýüze çykýar.
Türkmenistanyň Raýat kodeksine laýyklykda, on dört ýaşdan kiçi, kemala gelmedik çagalaryň ata-eneleriniň, olary perzentlige alanlaryň ýa-da hossarlarynyň ýaşaýan ýeri şol çagalaryň ýaşaýan ýeri diýlip ykrar edilýär. Çagalaryň ene-atalary ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar bilen bilelikde, ýaşamak hukugyny üpjün etmek maksady bilen, on dört ýaşa ýetmedik we ata-eneleri bilen ýaşaýan çagalaryň ýaşaýan ýeri boýunça hasaba alnyşy ata-enesiniň şahsyýetini kesgitleýji resminamanyň, hossarydygyny tassyklaýjy resminamanyň we çaganyň dogluş hakyndaky şahadatnamasynyň esasynda amala aşyrylýar. Çaganyň maşgalada ýaşamaga we terbiýelenmäge bolan hukugy olaryň ene-atalary tarapyndan terbiýelenmäge, öz bähbitleriniň üpjün edilmegine we hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, onuň adamçylyk mertebesiniň hormatlanm agyna bolan hukuklary özünde jemleýär.
Çaga doglan pursadyndan başlap, raýatlyga, millete, ada, familiýa we maşgala gatnaşyklaryna bolan hukuga eýedir. Kemala gelmedik çaganyň ada bolan hukugy onuň kanuny wekili tarapyndan goralýar. Bilşimiz ýaly, çaga at dakylanda, onuň ene-atasynyň bilelikdäki ylalaşygy esasynda dakylýar. Şeýle hem aýry-aýry ýagdaýlarda milli däp-dessurlaryň berjaý edilmegi arkaly ýazgy edilýär. Beýle diýildigi, çaganyň familiýasy olaryň ene-atasynyň isleýşine görä, çaganyň kakasynyň ady boýunça dakylýar. Bu ýagdaýda atasynyň ady görkezilip hem, görkezilmän hem bilner. Özleriniň çagalary barada ata bilen enäniň hukuklary we borçlary deňdir. Ata-enäniň arasyndaky nika bozulan mahalynda hem ata-ene özleriniň çagalary barada deň hukuklardan peýdalanýar we olaryň borçlary bardyr. Çagalary terbiýelemäge degişli ähli meseleler ata-enäniň ikisiniň ylalaşmagy bilen çözülýär. Ata-enäniň özara ylalaşygy bolmadyk mahalynda, jedelli mesele ata-enäniň gatnaşmagy bilen hossarlyk we howandarlyk edaralary tarapyndan çözülýär.
Ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny has-da berkitmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun.
Bilbil SAPAROWA, Daşoguz welaýatynyň prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.