Habarlar

Baş sahypa / Habarlar / «Türkmen atlary» döwlet birleşigine pul serişdelerini bölüp bermek bellenildi

«Türkmen atlary» döwlet birleşigine pul serişdelerini bölüp bermek bellenildi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy, gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi bedewleriniň dünýädäki at-abraýyny has-da belende götermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň atçylyk toplumlaryny döwrebaplaşdyrmaga, atlaryň saklanyş şertlerini we tohumçylyk işini has-da kämilleşdirmäge, atçylyk sportuny we seýisçilik sungatyny ösdürmäge hem-de atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga “Türkmen atlary” döwlet birleşigine pul serişdelerini bölüp bermek bellenildi.

Türkmenistanyň Merkezi bankyna şu pul serişdelerini Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdelerinden ýörite hasaba geçirmek tabşyryldy.

Habarlar Ýanwar 20, 2022

Meňzeş habarlar