25.02.2022
«Çagany başdan» diýýän pederlerimiz çaga terbiýesine onuň enesiniň göwresinde wagty başlamalydygyny, şol päkize çaga doglandan soň bolsa, terbiýäni has hem kämilleşdirmelidigini tekrarlapdyrlar. Çaga eşidýän sözlerinden, şeýle hem görýän zatlaryndan has köp terbiýe alýar. Ene-atasynyň, doganlarynyň hereketlerini gaýtalap, öz häsiýetine ornaşdyrýar.
Her ýigidiň aslyn bileý diýseňiz,
Märekede otur-turuşyn görüň —
diýýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem öz şygyrlary arkaly her bir ene-atanyň çagasynyň terbiýesine jogapkärçilikli çemeleşmelidigini, ýaş nesliň geljekde nähili şahsyýet boljakdygynyň onuň terbiýesine baglydygyna ünsi çekipdir.
Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girizilen «Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyň Düzgünnamasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzda eneleriň we çagalaryň ruhy sagdynlygyna, olaryň kadaly ösüşine we ýokarlandyrylan ýaşaýyş-durmuşyna gönükdirilen tagallalaryň mizemezliginiň ýene-de bir ykrarnamasy boldy.
Bilşimiz ýaly, ajaýyp döwrümizde ata-babalarymyzyň her bir jemgyýetiň sagdyn ösüşini esaslandyrýan maşgala ojagynda ene mähremligine aýratyn hormat goýulýar. Bagtyýar nesli ösdürip ýetişdirmekde enelerimiziň gujur-gaýratyna uly hormat goýulmak bilen, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady döredildi. Bu hormatly at sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen we mynasyp terbiýelän enelere Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen dakylýar.
Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan eneler Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde ýeňilliklerden peýdalanýarlar.
Şeýle uly mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
Bibigül ÝAGŞYMÄDOWA, Daşoguz şäher prokurorynyň kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.