07.03.2022
Ajaýyp zamanamyzda halkymyz ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar, röwşen geljegine buýsanyp ýaşaýar. Halkymyz ata Watany — Garaşsyz we baky Bitarap döwletimizi söýüp, oňa buýsanyp, başynyň täjine deňeýär. Paýhasly pederlerimizem ata Watanyň mukaddesligi we onuň beýikligi barada dür dänesi ýaly pähimleri nesillerine miras goýup, Watanyň gymmatyna akyl ýetirmekligi we onuň her daban ýerini gözüň göreji deýin goramaklygy wesýet edipdirler.
Belent Serkerdebaşymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilýän Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerinde we beýleki maslahatlarda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işini mundan beýläk hem özgertmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, işgärleriň hünär we bilim derejelerini artdyrmak, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak babatda uly wezipeler öňde goýulýar. Döwlet Baştutanymyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri barada edýän aladasy bizi Watanymyza ak ýürekden gulluk edip, döwletimiziň gülläp ösmegi, beýik sepgitlere we rowaçlyklara tarap bedew bady bilen öňe gitmegi üçin öz şahsy goşandymyzy goşmaga ruhlandyrýar.
Belent Serkerdebaşymyzyň tabşyryklaryndan, sargytlaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň abadançylygyny, halkymyzyň eşretli, erkana durmuşyny üpjün etmek üçin has-da tutanýerli zähmet çekeris.
Baýatgül Eşanowa, welaýat prokurorynyň işgärler boýunça uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji, 2-nji derejeli ýurist.