14.03.2022
Şahsyýetiň ahlak kadalaryna laýyklykda, daş-töwereginde bolup geçýän zatlara baha bermegi we şoňa görä hereket etmegi netijesinde adamyň ahlak keşbi kemala gelýär. Ýokary ahlakly adam her hili kyn şertlerde hem ejizlemän, halal ýaşamaga çalyşýar, arassa gazanjynyň hasabyna eklenýär, şol ruhda hem çagalaryny terbiýeleýär, elmydama döwletiň kanunlarynyň öňünde şahsy jogapkärçiligini duýup, olara hormat goýup ýaşaýar hem-de kanunyň talaplaryny gyşarnyksyz berjaý edýär. Şeýle ýokary ahlakly halkyň döwlet binýady hem berk bolýar. Bu ugurda hormatly Arkadagymyzyň bitiren beýik işleri bu gün halkymyzyň durmuşynda has aýdyň duýulýar.
Ynsanyň ahlak terbiýesi maşgala ojagyndan başlanýar, mekdep ýyllarynda dowam etdirilýär, soňra şahsyýet ahlak sapaklaryny jemgyýetden özbaşdak alyp başlaýar. Türkmen jemgyýetinde ýaşlara edepli bolmak, arassa, halal ýaşamak, zähmeti söýmek dowamly öwredilýär we ýaşlaryň aňyna guýulýar. Elbetde, bu meselede maşgalanyň we mekdep mugallymlarynyň üstüne aýratyn jogapkärçilik düşýär.
Çaganyň ilkinji terbiýeçisi, iň ygtybarly maslahatçysy ata-enesi bolýar. Çaga ata-enäniň aýdanlaryny hakykatyň, adalatyň belent derejesi diýip düşünýär we olary gyşarnyksyz ýerine ýetirmäge hemişe taýýar bolýar. Diňe kämil ahlakly adam nusgawy maşgalany döredip, jemgyýete hem ähli babatda hemişe peýda getirýär. Şoňa görä-de, her bir ata-ene çagasynyň ykbalynyň öňündäki ahlak borçlaryna we jogapkärçiligine aýdyň düşünip ýaşamalydyr.
Atalarymyz: “Perzent edep görmese, edep görkezmez” diýipdirler. Şu pähimden görnüşi ýaly, her bir ata-ene öz perzendini şahsy göreldesi bilen terbiýelemeli, olaryň aýdýan zatlary bilen edýän hereketleri deň gelmeli.
Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen döwletimizde ilatyň hukuk sowatlylygyny we hukuk medeniýetini ýokarlandyrmakda, raýatlaryň döwlet we jemgyýetçilik bähbitleriniň has döwrebap derejede goralmagyny üpjün etmekde ýurdumyzda geçirilýän hukuk özgertmelerine uly orun degişlidir. Häzirki wagtda edara-kärhanalarda, guramalarda, ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerinde hukuk goraýyş edaralarynyň işgärleri tarapyndan hem ýurdumyzyň kanunçylygyny, oňyn iş tejribesini düşündirmek bilen bagly okuw maslahatlary, wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli geçirilýär.
Goý, ata Watanymyzda kanunlarymyzyň kämilleşdirilmegi babatda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Aşgabat şäheriniň prokuraturasynyň Baş derňew bölüminiň uly prokurory 1-nji derejeli ýurist Aýbölek Nursähedowa