ADMINISTRATIW DÜZGÜNLER

04.04.2022

Her bir jemgyýetiň abadançylygy, hukuk goraglylygynyň derejesi, döwletiň ykdysady ösüşi, ilkinji nobatda, döwlet dolandyrylyşynyň hili bilen baglanyşyklydyr. Onuň netijeli amala aşyrylmagy ýurduň ykdysady taýdan kuwwatlanmagynyň, asudalygyň we abadançylygyň, syýasy durnuklylygyň, raýatlaryň hukuklarynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda durmuşa geçirilmeginiň esasy şerti bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda milli kanunçylyk esaslarynyň pugtalandyrylmagy barada uly işler amala aşyrylýar.

Administratiw kanunçylyk — milli kanunçylygyň yzygiderli ösýän we kämilleşýän hukuk pudagydyr. «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanuny 2017-nji ýylda kabul edildi. Bu Kanun administratiw edaralary tarapyndan administratiw namalarynyň kabul edilmegi, ýerine ýetirilmegi ýa-da ýatyrylmagy bilen bagly amala aşyrylýan işiň hukuk esaslaryny, ýörelgelerini we önümçilik düzgünlerini belleýär. Kanun X bapdan, 62 maddadan ybaratdyr. Bu Kanun Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar. Esasy Kanunymyzda berkidilen binýatlyk kadalaryň seljerilmegi bu hukuk pudagynyň esasy ýörelgelerini aýdyňlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy administratiw hukuk düzgünlerini we ýörelgelerini özünde jemleýän esasy çeşme bolup hyzmat edýär. Administratiw kanunçylyk, ilki bilen, konstitusion kadalaryň durmuşa geçirilmeginiň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Adam hukuklaryny goramak, höweslendirmek we üpjün etmek döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biridir. Administratiw hukuk kadalary administratiw edaralarynyň işi çygrynda ýüze çykýan, üýtgeýän we bes edilýän jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär. «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanuny administratiw edaralar bilen özara gatnaşygyň giň gurşawyny kadalaşdyrýar. Kanunyň 3-nji maddasyna laýyklykda, onuň hereketi kadalaşdyryjy hukuk namalaryň taýýarlanylmagyna we kabul edilmegine; Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary, jenaýat, raýat we arbitraž iş ýörediş kanunçylygy bilen seretmek tertibi bellenilen raýatlaryň ýüz tutmalarynyň we beýleki işleriň seredilmegine; zähmet gatnaşyklaryna; kazyýet ýerine ýetirijileriniň işine degişli däldir.

Kanunylyk, kanunyň öňünde deňlik, administratiw önümçiligiň dessinligi we elýeterliligi, administratiw önümçilik amala aşyrylanda hyzmatdaşlyk, barabarlyk, ynamy goramak, administratiw önümçiligi amala aşyrmagyň esasy ýörelgeleri hökmünde kesgitlenilýär. Kanunylyk — bu Konstitusiýanyň, kanunlaryň we şolara laýyklykda kabul edilýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryň ähli edaralar, guramalar, kärhanalar, ygtyýarly fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan birmeňzeş berjaý edilmegini göz öňünde tutýan köpugurly häsiýetdäki umumy hukuk düşünjesidir.

Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan döwletli işleri rowaçlyklara beslensin.

 

Nejep TAÝLYÝEW, Mary welaýatynyň Baýramaly şäher prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.