EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY — HALKYŇ BAGTYÝARLYGY

13.04.2022

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hemişelik Bitarap Watanymyzda ulag ulgamyny ösdürmek bilen birlikde, adamzadyň sagdyn gurşawy döretmek hakyndaky arzuwlaryny durmuşa geçirmek babatdaky beýik işlerini hem dabaralandyrdy.

Bahar paslynyň dowam edýän günlerinde türkmen tebigatynyň gaýtalanmajak gözelliklerini synlap, bu keramatly toprakda doglandygyňa, onuň ajaýyplyklarynyň şaýady bolup ýaşaýandygyňa buýsanjyň goşalanýar. Diýaryňa bolan guwanjyň has-da artýar.

Häzirki döwürde döwlet syýasaty ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, şol sanda daşky gurşawy goramaga we aýap saklamaga hem-de rejeli peýdalanmaga gönükdirilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 53-nji maddasynda: «Her bir adamyň jany we saglygy üçin amatly daşky gurşawa, onuň ýagdaýy barada hakyky maglumata we ekologiýa kanunçylygynyň bozulmagy ýa-da tebigy betbagtçylyk netijesinde saglygyna we emlägine ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyna hukugy bardyr. Döwlet ilatyň sagdyn ýaşaýyş şertlerini goramak we üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we onuň durnukly ýagdaýyny saklamak maksady bilen tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylyşyna gözegçilik edýär. Her bir adam tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludyr» diýlip bellenilýär.

Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwletimiz tarapyndan maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Daşky gurşawy goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny has-da berkitmek we kämilleşdirmek boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar. Bu ulgamda hereket edýän kanunçylygyň kämilleşdirilmegi döwlet ekologiýa syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu ugurda kanunlaryň we hukuk namalarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny nygtamak zerur. Ýagny, «Tebigaty goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda», «Uglewodorod serişdeleri hakynda», «Agyz suwy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, Türkmenistanyň Tokaý we Suw kodeksleri hem-de beýleki kanunçylyk namalaryň kabul edilmegi aýdylanlaryň anyk mysallarydyr. Bu hukuk namalarynyň her biri öz kadalarynda ykdysady başlangyçlary berkidýär. Mysal üçin, Türkmenistanyň Suw kodeksiniň 3-nji maddasynyň 1-nji böleginde Türkmenistanyň suw kanunçylygynyň maksatlary, suwdan peýdalanmagyň ekologiýa taýdan howpsuz we ykdysady taýdan amatly derejesine ýetmek hem-de saklamak, ilatyň durmuş şertlerini gowulandyrmak, daşky gurşawy gorap saklamak üçin suwlary goramagy üpjün etmek bolup durýandygy bellenilýär.

2020-nji ýylyň 14-nji martynda «Ekologiýa maglumaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanun ekologiýa maglumatlarynyň elýeterliligini üpjün etmegiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýär. Kanunyň 1-nji maddasynda ulanylýan esasy düşünjelere, adalgalara kesgitlemäniň berilmegi onuň durmuşa ornaşdyrylmagy üçin örän amatly bolup durýar. Kanunda suw serişdeleriniň, howanyň, topragyň, janly-jandarlaryň we ekologiýanyň ýagdaýy, şeýle hem daşky gurşawa we adamlaryň saglygyna ýaramaz täsirini ýetirip biljek ýagdaýlara hökmany baha bermek üçin zerur görkezijiler, daşky gurşawy gorap saklamaga we netijeli peýdalanmaga gönükdirilen çäreler hakynda maglumat bermegiň tertibi düzgünleşdirilýär.

Her ýyl uly ruhubelentlik bilen geçirilýän bag ekmek dabaralary hem ýurdumyzyň çar künjünde giň gerime eýe bolýar. Şu ýylyň 20-nji martynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen bag ekmek dabarasy hem tutuş halkymyzda ruhy galkynyşy döretdi.

Halkymyzyň abadançylygy ugrunda uly işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun.

 

Maýsa KURBANOWA, Mary welaýat prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetirijisi, 2-nji derejeli ýurist.