EŞRETLI DURMUŞYŇ YKRARY

15.04.2022

Ýurdumyzda Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, olaryň häzirki zamanyň talaplar y na laýyk derejede enjamlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Harby gullukçylary ň gulluk we ýaşaý yş şertleri yzygiderli gowulandyrylýar. Dürli ugurlar üçin ýokar y hünärli gullukçylaryň taý ýarlanylmagyna, öňdebaryjy tejribäniň işjeň ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär.

Munuň şeýledigini 24-nji martda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilen täze ýaşaý yş jaýlarynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi mynasybetli geçirilýän çäreler hem aýdyň subut edýär. Ol günki şanly waka ýurdumyzyň asyrlar aşyp gelýän milli däplere ygrarlydyg yny we mähriban Watanymyzyň döwlet Baştutanymyzyň baştutanlygynda ösüşiň we rowaçlygyň täze belentliklerine tarap ynamly gadam urýandyg y nyň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Ýurdumyzy ň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş toplumynyň täze kottej jaýlary bilen üstüniň ýetirilmegi halkymyzy ň we ýaş nesilleriň abadan hem-de bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň ýolunda möhüm ädim bolup dabaralandy.

Berkarar döwletiň täze eý ýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagty ýar raýatlary täze döwrüň möhüm strategiýasyny durmuşa geçirmäge girişen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

 

Mekan BAÝRAMGELDIÝEW, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň prokurory, 1-nji derejeli ýurist.