19.04.2022
Sanly ykdysadyýeti döretmezden, döwletiň häzirki zaman derejesindäki ösüşini göz öňüne getirmek asla mümkin däldir. Bütin dünýäde sanly innowasiýalary öňe sürmek bäsdeşlige ukyplylygyň, ykdysady ösüşleriň aýrylmaz şertine öwrüldi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da ýokarlanmagynyň esasy ugurlarynyň biri hem sanly ykdysadyýeti işjeň durmuşa ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Sanly ykdysadyýet sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň peýdalanylmagyna esaslanýan ykdysady gatnaşyklaryň ulgamy bolup, ol wagtyň we harajatlaryň tygşytlanmagy bilen bir hatarda, hyzmatlaryň döwrebap ulgamyny ýola goýmaga amatly şertleri döredýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy, «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Ylmy tehnologiýa parklary hakynda», «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Innowasiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň hukuk binýady bolup durýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň öz internet saýtlary hereket edýär. Ýurdumyzyň ähli edara-kärhanalarynda we hususy birliklerde elektron resminamalary dolandyryş ulgamynyň girizilmegi bilen üstünlikli dolandyrylýan milli web-sahypalarymyz has-da işjeň, döwrebap ýagdaýa gelýärwe täze elektron hyzmatlaryny halkymyza hödürleýär. Ähli edara-kärhanalaryň internet ulgamyna geçmegi olar bilen ýurdumyzyň ilatynyň we daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda ykjam aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýär we Türkmenistanyň täze sanly keşbini emele getirýär.
Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň eziz Watanymyzyň has-da gülläp ösmegine gönükdirilen beýik başlangyçlaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň prokuratura edaralarynda hem sanly maglumat dolanyşygyna esaslanýan döwrebap hyzmatlaryny raýatlara hödürlemekde uly işler durmuşa geçirilýär.
Biziň resmi internet (www.bp.gov.tm) sahypamyzda hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, bütin adamzat ähmiýetli beýik işleriniň netijesinde ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýetilýän belent sepgitler we täzelikler bilen okyjylaryň wagtynda tanyşmagy üçin habarlar türkmen, rus we iňlis dillerinde yzygiderli ýerleşdirilýär. Häzirki wagtda raýatlara sanly ulgam arkaly döwrebap hyzmatlary bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň internet sahypasy has-da kämilleşdirildi. Internet sahypamyzda raýatlarymyza berilýän hukuk hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmak hem-de ýeňilleşdirmek maksady bilen, «Bildirişler» bölüminde «Elektron ýüztutma», «Sorag-jogap» ulgamlary hereket edýär.
Bu hyzmatlaryň üsti bilen fiziki we ýuridik şahslar hukuk kömeklerini almaga hem-de bu ugurda bar bolan soraglaryny bermäge we prokuratura edaralarynyň degişli işgärleri tarapyndan jogaplaryny almaga mümkinçilik döredýär. Häzirki zaman hyzmatlar bolsa raýatlaryň gymmatly wagtyny tygşytlamaga oňaýly şertleri döredýär.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy we enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyryp, işgärleriniň ýaşaýyş şertlerini has-da gowulandyrmak ugrunda tagalla edýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.
Allamyrat AMANDURDYÝEW, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň uly prokurory, 2-nji derejeli ýurist.