Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi

07.05.2022

Şu gün Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň altynjy mejlisi geçirildi, onuň dowamynda Milli Geňeşiň Mejlisiniň 4-nji maýda geçirilen on sekizinji maslahatynyň barşynda kabul edilen Kanunlar makullanyldy.

Bu kadalaşdyryjy-hukuk namalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasatynyň hem-de döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnamanyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda taýýarlanyldy.

Mejlisiň işine gatnaşmak üçin köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Mejlisiň dowamynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasarynyň, şeýle hem komitetleriň ýolbaşçylarynyň çykyşlary diňlenildi, olaryň çykyşlarynda kanunçylyk namalarynyň her biri boýunça geçirilen seljermeler esasynda gelnen netijeler barada habar berildi. Olaryň hatarynda, “Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”, “Gümrük gullugy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda” hem-de “Ösümlikleriň karantini hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” kanunlar bar.

Çykyş edenler bu Kanunlaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, şeýle hem halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna we ýörelgelerine laýyklykda, işlenip taýýarlanylandygyny bellediler.

Resminamalary ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmekde bu hukuk namalarynyň ähmiýetini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň agzalary milli kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy boýunça amala aşyrylýan çäreleriň tutuşlygyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasatynyň üstünliklere beslenmegine gönükdirilendigini bellediler. Adam baradaky alada türkmen jemgyýetinde durmuşa geçirilýän içerki özgertmeleriň we onuň daşary syýasy ugrunyň baş ölçegi bolup durýar, umumadamzat gymmatlyklary, belent ynsanperwerlik we adalatlylyk ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň syýasatynyň esasyny düzýär diýip, çykyş edenler aýtdylar.

Bu kanunçylyk resminamalarynyň kabul edilmeginiň ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuklaryny, azatlyklaryny hem-de kanuny bähbitlerini mundan beýläk-de üpjün etmekde, kanunylygy we hukuk tertibini berkitmekde, hukuk bozulmalarynyň öňüni almakda we olary öňünden duýdurmakda, kada-kanunlary döwrüň talabyna laýyklykda özgertmekde hem-de ugurdaş ulgamlaryň işlerini kämilleşdirmekde, şol sanda sanly ulgamy ornaşdyrmagyň hukuk mümkinçiliklerini giňeltmekde ägirt uly ähmiýete eýedigi nygtaldy.

Mejlisiň dowamynda beýleki möhüm meselelere hem garaldy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň altynjy mejlisiniň gün tertibine girizilen Kanunlar biragyzdan makullanyldy hem-de degişli Kararlar bilen bekidildi.