HALKARA PARLAMENT DIPLOMATIÝASY

27.05.2022

2022-nji ýylyň 12-13-nji maýynda Aşgabatda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy hem-de zenanlaryň dialogy geçirildi. Bu möhüm ähmiýetli çärelere Russiýadan, sebitiň ýurtlaryndan parlamentarilerdir halkara guramalaryň wekilleriniň, bilermenleriň köp sanlysy gatnaşdylar.

«Merkezi Aziýa — Russiýa Federasiýasy» görnüşinde sebitde ilkinji gezek geçirilen Parlamentara forum we zenanlaryň dialogy däp bolan dostlukly türkmen-rus, türkmen-gazak, türkmen-gyrgyz, türkmen-täjik, türkmen-özbek gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmakda aýratyn ähmiýete eýedir.

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynda Gahryman Arkadagymyzyň:

— Azerbaýjan Respublikasynyň Ýaşulular Geňeşi tarapyndan döredilen «Hormatly aksakgal» altyn ordeni;

— «Dede Korkut» milli gaznasy tarapyndan «Azerbaýjan dünýäsi» halkara žurnaly bilen bilelikde döredilen «Ýer ýüzünde parahatçylyk üçin» milli baýragy we

«Ulu türk» altyn ordeni;

— Parlamentarizmi ösdürmekde bitiren hyzmatlary, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň işiniň hukuk esaslaryny kämilleşdirmäge, halkara gatnaşyklary we parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşan ägirt uly goşandy üçin GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň 30 ýyllygy mynasybetli döredilen ýubileý medaly bilen sylaglanmagy ata watanymyzyň, belent abraýynyň, Arkadagly Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza bütin dünýäde goýulýan belent sarpany dabaralandyrdy.

Türkmenistanyň parlament diplomatiýasy umumy döwlet diplomatiýasynyň bir bölegi bolmak bilen, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine we «Bitarap Türkmenistanyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasyna» laýyklykda üstünlikli alnyp barylýar. Ol daşary ýurt döwletleriniň parlamentleri bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda gatnaşyklary ýola goýmak, halkara parlamentara guramalaryň we assambleýalaryň işine gatnaşmak, parlamentara dostluk toparlaryny döretmek, bilelikdäki parlament çärelerini guramak arkaly durmuşa geçirilýär.

Bilşimiz ýaly, Aşgabatda «Merkezi Aziýa — Russiýa Federasiýasy» görnüşinde ilkinji gezek parlamentarileriň we zenanlaryň forumynyň geçirilmegi Türkmenistanyň döwlet dolandyryşynda hem-de diplomatiýanyň möhüm ugurlarynda toplan oňyn tejribesini parlamentara meýdançalaryň çäginde ýaýratmaga, bu ugurda öňde durýan anyk wezipeleri ýakyndan ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi. Parlamentara forumyň işiniň netijeleri onuň jemleýji mejlisinde jemlenildi hem-de kabul edilen jemleýji resminamada — Aşgabat Jarnamasynda öz beýanyny tapdy. Bu çäreler ýurdumyzyň dünýä döwletlerini ylalaşyga we dialoga, ählumumy abadançylyga, ösüşe çagyrýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň täze taryhy döwürde has-da ilerledilýändigini giňden açyp görkezýän möhüm syýasy wakalar hökmünde uly ähmiýete eýedir.

Goý, adamzadyň parahat, abadan durmuşy ugrunda bimöçber tagallalar edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

 

Aýbölek NURSÄHEDOWA, Aşgabat şäher prokuraturasynyň baş derňew bölüminiň uly prokurory, 1-nji derejeli ýurist.