29.05.2022
Güneşli Diýarymyzyň her bir güni şatlykly wakalara utgaşyp, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň, mizemez ösüşleriniň aýdyň alamaty bolup ýüreklere ornaýar. Şeýle ajaýyp zamanada ýaşamak, döretmek, döredijilikli zähmet çekmek we dynç almak üçin ähli mümkinçilikler hem-de zerur şertler döredilendir.
Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Ömrümiň manysy» atly täze kitaby halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän milli ruhy-ahlak gymmatlyklaryny beýan edýän ajaýyp edebi-filosofik eserdir.
Kitabyň başyndaky: «Eziz watandaşlar! Bu gün Türkmenistan döwleti Ýer togalagynda, türkmen halky bolsa dünýä halklarynyň arasynda özüniň mynasyp ornuna eýe boldy. Döwletimiziň hem, halkymyzyň hem mertebesi belende galdy. Elbetde, döwleti hem, halky hem beýgeldýän ynsanlardyr. Şunda şol ynsanlaryň asyrlaryň dowamynda sünnälenip kemala getirilen kada-kanunlara, ýörelgelere, däp-dessurlara eýerişi, olara sarpa goýuşy uly ähmiýete eýe bolýar» diýen setirleri okanyňda, gatbar-gatbar kitaplaryň içinde jemlenen paýhas bir pursatda aňyňa dolup, ähli meseleleriň düýp manysyna göz ýetirýärsiň.
Çuň many-mazmunly täze eserinde Gahryman Arkadagymyz Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleri, döwletimiziň taryhyndaky ähmiýetli wakalar hem-de ömrüni ata Watanymyza we mähriban halkymyza gulluk etmäge bagyşlan durmuş ýolunyň esasy tapgyrlary baradaky maglumatlary beýan edýär. Kitapda pederlerimiziň asylly ruhy gymmatlyklaryna sarpa goýmak, biziň günlerimize çenli ýetip gelen çeşmeleri we maglumatlary jikme-jik öwrenmek, olary nesilden-nesle geçirmek ýolunyň esasy tapgyrlary baradaky maglumatlar jemlenýär.
Bu kitap giň okyjylar köpçüligine niýetlenip, «Girişden», «Ýaşaýyş medeniýeti», «Ynanç hakynda söz», «Müňýyllyklaryň jümmüşinden gaýdýan ýol-ýörelge», «Gadymyýete nazar», «Mukaddes Mekge-Medinä zyýarat», «Milletiň ruhy-ahlak mekdebi» «Sözsoňy» atly bölümlerden ybaratdyr. Kitapda gadymy döwürlerden bäri halk döredijiliginiň, geçmişiň görnükli şahsyýetleriniň we filosoflarynyň pähimli sözleriniň ulanylmagy Gahryman Arkadagymyzyň täze eseriniň gymmatyny has-da artdyrýar.
Türkmen halkynyň geçmişi, ahlak gymmatlyklary bilen bagly gyzykly maglumatlaryň kitapda beýan edilmegi her bir okyjynyň kalbynda ata-babalarymyzyň geçmiş ýoluna buýsançly duýgulary emele getirýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman
Arkadagymyzyň döwet galamyndan çykan nobatdaky taryhy-filosofik eseri halkymyz üçin belent maksatlara ýetmegiň ýolunda ruhy daýanç we şamçyrag bolup hyzmat eder. Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan kitaplaryndaky watançylyk pentleri bize hemişe ýol-ýörelge, baý durmuş mekdebi bolup hyzmat edýär.
Şeýle ajaýyp kitaplary ýazyp, nesillere gymmatly gollanmalary bagyş edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun.
Allamyrat AMANDURDYÝEW, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň uly prokurory, 2-nji derejeli ýurist.