KONSTITUSIÝANYŇ MAŞGALA GYMMATLYKLARYNY GORAMAK HAKYNDAKY KADALARYNYŇ DURMUŞA GEÇIRILIŞI

03.06.2022

Esasy Kanunymyzda maşgalany pugtalandyrmaga, maşgala gymmatlyklaryny goramaga gönükdirilen ýörelgeleýin kadalar mynasyp orun tutýar. Maşgala döwlet tarapyndan goralýar. Maşgala döwletiň, jemgyýetiň binýadyny düzýän we asyrlaryň synagyndan geçen durmuş instituty bolup durýar. Agzybirlik, adalatlylyk, zähmetsöýerlik, birek-biregi sarpalamak ýaly umumadamzat gymmatlyklary maşgalada kemala gelýär. Maşgala jemgyýetimiziň jebisligini pugtalandyrmakda wajyp ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasyna laýyklykda, maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwletiň go- ragynda durýarlar. Nika ýaşyna ýeten erkek bilen aýalyň öza- ra razylygy boýunça nikalaşmaga we maşgala gurmaga hukugy bardyr. Maşgala gatnaşyklarynda är-aýal deňhukuklydyrlar. Ata-eneler ýa-da olaryň omuny tutýan adamlar çagalaryny terbiýelemäge, olaryň saglygy, ösüşi, okuwy barada alada etmäge, olary zähmete taýýarlamaga, kanunlara, taryhy we milli däp-dessurlara hormat goýmak medeniýetini olaryň anyna omaşdyrmaga hukuklydyrlar we borçludyrlar. Kämillik ýaşyna ýeten çagalar ata-eneleri barada alada etmäge, olara kömek bermäge borçludyrlar. Döwlet ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýär we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýär.

Türkmenistanda maşgalany goramagyň we goldamagyň hukuk ýörelgeleriniň hem-de maşgala gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyň Garaşsyzlyk ýyllarynda toplanan tejribesi ylmy taýdan seljerilmäge mynasypdyr. Ylmy seljermeleriň tassyklamagyna görä, maşgala terbiýesiniň edep-hukuk mekdebini özleşdiren şahs jemgyýetçilik gatnaşyklarynda-da öz raýatlyk borjuna eýerip ilhalar adam bolup ýetişýär.

Durmuş tejribesiniň subut edişi ýaly, ýaş nesilleri durmuşa taýýarlamakda maşgala institutynyň orny örän uludyr, sebäbi maşgala köpugurly, dürli derejeli ynsan gatnaşyklarynyň gaý- talanmajak mekdebini özünde jemleýär. Ruhy-ahlak, edep-ekram, tertip-düzgün, lebiz, borç, halallyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik, watançylyk duýgulary öý-ojakdan, ata-enäniň öz çagalaryna görelde bolup siňdiren yhlasyndan gözbaş alýar.

Türkmenistanda enäniň we çaganyň hukuklaryny goramakda kanunçylyk ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek meselesinde anyk ädimler yzygiderli amala aşyrylýar. Maşgalanyň, eneligiň we çagalygyň hukuk goraglylygy bilen bagly meseleleri seljermek, aýallaryň we çagalaryň hukuklary hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň halkara hukuk kadalary bilen deňeşdirme barlaglaryny geçirmek, eneligiň we çagalygyň hukuk goraglylygy baradaky halkara konwensiýalarynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna ornaşdyrylyşyny seljermek we kanunçylygyň ösüş ugurlarynyň ylmy esaslaryny beýan etmek netijesinde aýallaryň we çagalaryň hukuklary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň halkara hukuk kadalary bilen sazlaşykda kämilleşdirilýändigini bellemek bolar.

 

Döwlet Amanmyradow, Türkmenistanyň Baş prokuraturasy