Resmi habarlar

12.02.2021

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany S.G.Berdimuhamedow hakynda

Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipelerine belläp, Türkmenistanyň döwlet howpsuzlyk geňeşiniň düzümine girizmeli hem-de ony Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesinden boşatmaly. 

 Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň işini has-da kämilleşdirmek, şeýle hem döwlet emlägine, şol sanda maliýe serişdelerine kanunçylyga laýyklykda eýelik edilişine, peýdalanylyşyna we ygtyýar edilişine gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesi girizildi we ol şol bir wagtda Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy hem-de Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzasy bolup durýar. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Rejep Şamyradowiç Çarygulyýew başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden hem-de Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Döwlet Akmuhammedowiç Täşliýew Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi. 

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Toýly Öwezgulyýewiç Mälikow Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.