IŞLESEŇ, IL TANAR

10.06.2022

Arkadagly Serdarymyz 26-njy maýda toý sapary bilen Daşoguz welaýatyna baranda, ol ýerde Balkan — Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň gidişi hem-de ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň ekerançylyk meýdanlaryndaky we maldarçylyk pudagyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.  Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Balkan — Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň ulanylmaga berilmegi bilen, ýurdumyzda bir bitewi halkalaýyn energoulgam emele gelýär. Bu bolsa içerki sarp edijileriň elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjünçiligini berkitmek bilen bir hatarda, ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artmagyny şertlendirer. Hormatly Prezidentimiz bu ugurda yhlas bilen zähmet çekýän işçilere öz minnetdarlygyny ýetirmegi tabşyrdy.

 

Azamat TOHTAÝEW, Ahal welaýatynyň prokuraturasynyň derňew bölüminiň uly sülçüsi, 2-nji derejeli ýurist.