ÝURDUMYZYŇ ÝAŞLARY — DÖWRÜŇ GÖWHER GAŞLARY

25.06.2022

Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen badalga alan ýaşlar baradaky syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, zamanabap tehnologiýalardan, sanly ulgamdan baş çykaryp, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly mümkinçilikler döredilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamyny has-da ösdürmek üçin durmuşa geçirilýän işler toplumlaýyn häsiýete eýedir. Şeýle işleriň çäklerinde ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak wezipesi uly orun eýeleýär.

14-nji iýunda Gahryman Arkadagymyz ýaşlar baradaky yzygiderli aladalaryny dowam etdirip, paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän Maslahatlar merkezinde ýaşlaryň gatnaşmagynda döwlet ýaşlar syýasatynyň, bu ulgamda milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ileri tutulýan meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi. Maslahatda Gahryman Arkadagymyz ýaşlarymyzyň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi maşgalanyň, döwletimiziň hemişelik üns merkezinde durýandygyny nygtamak bilen, «Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny kämilleşdirmek barada pikir alyşdy. Soňra Kanunyň 7-nji maddasynyň 6-njy bendinden soň 7-nji bendi döredip, oňa ýaşlaryň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýokary ahlakly adamlar bolup ýetişmeklerini, ösen tehnologiýalardan baş çykarmaklaryny, milli ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirmeklerini gazanmak, ýaşlara halkara ölçeglerine laýyk gelýän goldaw bermegiň döwlet guralyny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýaşlar syýasaty babatdaky ygtyýarlyklaryny Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ygtyýarlyklaryna geçirmek meselesini öwrenmek babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine teklipleri hödürlemegi maksadalaýyk bildi.

Şeýle-de maslahatda Gahryman Arkadagymyz taryhy maglumatlara nazar aýlap, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 5-nji maddasynyň 16-njy bendinden soň 17-nji bendi goşmagyň, ýagny Garaşsyz Watanymyza beýik söýgini, milli buýsanjy terbiýeleýän, milli ýörelgelerimize laýyk gelýän, bilim berijilik häsiýetli wagyz-nesihat işleriniň geriminiň giňeldilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şeýle-de Kanunyň 23-nji maddasynyň 2-nji böleginden soň 3-nji bölegi goşmak, ýagny ekologik taslamalary durmuşa geçirmäge we taryhy ýadygärlikleriň durkuny täzelemäge ýaşlaryň gatnaşmagyny goldamak, içerki syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek arkaly, ýaşlarda taryhy we medeni mirasa, daşky gurşawy goramaga bolan gyzyklanmany höweslendirmek bilen bagly goşmaçalar girizilse, ýerlikli boljakdygyny bellemek bilen, sözüni dowam etdirip, Kanunyň 7-nji tesiminiň 3-nji bendinden soň, 4-nji bendi goşmagy we ýaşlaryň jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady, medeni durmuşa işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak maksady bilen, ýaşlaryň arasynda telekeçiligi ösdürmegiň guralyny işläp taýýarlamagy teklip etdi. Şunda telekeçiler tarapyndan döredilen kärhanalarda işleýän işgärleriň 75 göterimi ýaşlar bolsa, olary «ýaşlar kärhanasy» diýip atlandyryp, şeýle kärhanalary döwlet tarapyndan goldamak boýunça ýeňillikleriň göz öňünde tutulmalydygyny belledi.

Şeýle hem ýurdumyzda ýaşlaryň tehnologik ösüşden yza galmazlygy, döwrebap hünärleri ele almaklary, nazary bilimlerini kämilleşdirmekleri, amaly endiklerini ýokarlandyrmaklary, sanly tehnologiýalary özleşdirmekleri, täze ylmy taglymatlary, öňdebaryjy barlaglary we tehnologik tejribeleri öwrenmekleri üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi we şunuň bilen baglylykda, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 35-nji maddasynyň 6-njy bendinden soň 7-nji bendi goşmak, ýagny bilim edarasyny tamamlan, ýaňy işe kabul edilen ýaş hünärmenleriň girdeji salgydyny zähmet döwrüniň 1-nji ýylynda bellenilen kadasyndan 50 göterim, 2-nji we 3-nji ýylynda 25 göterim ýeňillikli tölemeginiň tertibini kesgitlemek barada teklip edildi. Şeýle-de bu Kanunyň 20-nji maddasynyň 13-nji bendinden soň, 14-nji bendi goşmak, ýagny ýaşlarda okuwyň üznüksizligini gazanmak we olary hünäre ugrukdyrmak maksady bilen, orta mekdebi tamamlan ýaş oglanlaryň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna gatnaşmagy üçin bir gezek mümkinçilik döretmek şerti bilen, harby gullugyň möhletini wagtlaýyn yza süýşürmek meselesiniň öwrenilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym ulgamyny özgertmek we ösdürmek boýunça düýpli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet tarapyndan ylma berilýän goldawlaryň netijesinde akademik we pudaklaýyn ylmy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, ykdysadyýetiň pudaklary üçin geljegi uly ylmy barlaglary, tejribe-synag we tehnologik işleri maliýeleşdirmäge gönükdirilýän serişdeleriň möçberleri artýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ýaýrawlarynyň innowasion ösüş ýoluna geçirilýän şertlerinde ýaşlaryň ylmy işlere gatnaşmagynyň gerimini giňeltmek möhümdir. Ýaş alymlaryň döredijilik we hünär derejesini ýokarlandyrmak, ukyp-başarnyklaryny yzygiderli kämilleşdirmek, üstünlik gazanmak islegleri, ýokary jogapkärçilik duýgusy bardyr. Hormatly Prezidentimiziň ýöredýän öňdengörüjilikli we oýlanyşykly döwlet syýasatyna laýyklykda, ýaşlaryň sagdyn kemala gelmekleri, döwrebap bilim almaklary, ylym bilen içgin meşgullanmaklary, giň dünýägaraýyşly, kärine ussat hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler we zerur şertler döredilýär.

Görnüşi ýaly, Watanymyzyň röwşen ertirleriniň dowamaty bolan ýaşlarymyza uly ynam bildirilýär. Ýaş nesil hakynda şeýle taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun. 

 

Maýsa KURBANOWA, Mary welaýat prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji, 2-nji derejeli ýurist.