21.07.2022
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda döwlet işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda beýik döwrümize mynasyp ýaşlary ýetişdirmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren özgertmeleri uly üstünliklere beslenýär. Şolaryň biri-de, ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, ýokary düşünjeli adamlar bolup ýetişmegi bilen baglydyr. Esasy Kanunymyzyň 55-nji maddasynda: «Her bir adamyň bilim almaga hukugy bardyr. Umumy orta bilim hökmanydyr, her bir adam ony döwlet bilim edaralarynda tölegsiz almaga haklydyr. Döwlet her bir adam üçin öz ukyplaryna laýyklykda hünär biliminiň elýeterliligini üpjün edýär» diýlip beýan edilýär.
Ýaşlarda asylly ahlak sypatlary kemala getirmek hem-de ösdürmek türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden milli terbiýesiniň möhüm kadalaryny we ýörelgelerini öz içine alýar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 4-nji maddasyna laýyklykda, jemgyýetiň we döwletiň in gymmatly hazynasy adam diýlip ykrar edilendir. Halkyň taryhy-medeni geçmişine düşünýän, döwletiň bu günki ýeten belentliklerine guwanýan, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ýurduň mukaddes Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýan hakyky watansöýüji nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek döwletiň baş maksady bolup durýar. Gadymdan gelýän milli ynsanperwer ýörelgelere laýyklykda, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, sanly ulgamyň ýola goýlan häzirki zaman döwlet hünär bilimi edaralarynda ýaşlara halkara derejesinde bilim we terbiýe bermäge, olaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, durmuş, medeni, ruhy we beden taýdan ösüşine ýardam etmäge gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji maddasynda: «Bilim almak hukugy adamyň esasy we aýrylmaz konstitusion hukuklarynyň biri bolup durýar. Jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň esasy hökmünde bilimi kämilleşdirmek Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Okatmak diýlip, bilimleriň, başarnyklaryň, endikleriň we ygtyýarlylygyň belli bir maksat bilen ele alynmagynyň, ukyplaryň ösdürilmeginiň, bilimleri gündelik durmuşda ulanmagyň tejribesini toplamagyň hem-de adamyň bütin ömrüniň dowamynda bilim almaga we hünär derejesini kämilleşdirmäge bolan çuňňur isleginiň emele getirilmeginiň barşyna düşünilýär» diýlip kesgitlenilýär.
Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň: «Täze döwrümiziň röwşen ýolunda ak ýüreklilik we wepalylyk bilen Watana gulluk etmek, Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýatlyk esaslaryny berkitmek, gazanylýan üstünliklere goşant goşmak biziň mukaddes borjumyzdyr» diýen sözlerinden ugur alyp, her bir ýaş ýigidiň we gyzyň oňat okamagy, belli bir hünäriň başyny tutup, ökde hünärmen bolup ýetişmegi, Watanymyzyň halkara abraýyna saldamly we mynasyp goşant goşmagy zerurdyr.
Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň edýän tagallalaryndan ugur alyp, welaýat prokuraturasynyň tejribeli işgärleri tarapyndan raýatlaryň, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň hem-de raýatlaryň arasynda hukuk goraýjy, saglygy goraýyş, bilim edaralarynyň, migrasiýa gullugynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşulularyň we baýry mugallymlaryň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär.
Çäreler guralanda, ýaşlaryň arasynda merdana pederlerimiziň ynsanperwer ýoluny dowam etmek, hormatly Prezidentimiziň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly bolup, Watana bolan mukaddes söýgini, sporta bolan belent hyjuwy we ynamy döretmäge çagyrýan bäsleşiklere gatnaşmak, bilim hazynasy hasaplanylýan kitap bilen dostlaşmak barada aýdylýar.
Goý, ýaşlar barada taýsyz tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
Sähragül AŞYROWA,
Balkan welaýat prokuraturasynyň kazyýet kararlarynyň kanunylygyna gözegçilik bölüminiň uly prokurory, ýustisiýanyň geňeşçisi.